Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­da öz­bo­luş­ly re­kord go­ýul­dy. Ýur­duň paý­tag­ty Biş­kek şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­la­ry Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gir­mek üçin 1464 ki­log­ram et­den öz mil­li ta­ga­my bo­lan “beş­bar­mak” hem-de 117 metr uzyn­ly­gyn­da “çu­çuk” kol­ba­sa taý­ýar­la­dy­lar. Bu ba­ra­da “Sput­nik” ha­bar­lar gul­lu­gy ha­bar ber­ýär.
Dün­ýä re­kor­dy­ny goý­mak üçin taý­ýar­la­nan ta­gam­lar üçin köp muk­dar­da et ge­rek bol­dy. Re­kord möç­be­rin­dä­ki ta­gam­la­ry taý­ýar­la­mak işi­ne 40 aş­pez hem-de 30 kö­mek­çi­ gat­naş­dy. Olar iki gi­je-gün­diz ir­gin­siz zäh­met çek­di­ler. Mil­li ta­gam­la­ry taý­ýar­la­mak üçin eti bir gün öň­ün­den gaý­na­dyp baş­la­dy­lar. Ta­ga­myň taý­ýar­la­nyş işi­ne Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň we­kil­le­ri gö­zeg­çi­lik et­di­ler.
Ne­ti­je­de, 117 metr­lik şöh­lat hem-de 1340 ki­log­ram “beş­bar­mak” ta­ga­my taý­ýar­lan­dy. Ol hem re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Şöh­la­tyň uzyn­ly­gy­ny anyk­la­mak üçin meý­le­tin­çi­ler kö­mek ber­di­ler. Taý­ýar­la­nan ta­gam­lar bu çä­rä gat­na­şan­la­ra hem-de ça­ga­lar öýü­ne paý­lan­dy.
Mun­dan bir­nä­çe ýyl ozal, Ga­za­gys­tan­da 100 metr­lik şöh­lat hem-de 700 ki­log­ram­dan gow­rak “beş­bar­mak” ta­ga­my taý­ýar­la­nyp­dy.

Annamyrat GARÝAGDYÝEW,
S.A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky
TO­HU-nyň talyby.