Li­wanda maş­ga­la­la­ryň bi­rin­de ýur­duň mil­li re­kor­dy go­ýul­dy, bir­ba­da 6 ça­ga dün­ýä in­di. Beý­rut şä­he­rin­dä­ki mu­kad­des Io­sif has­sa­ha­na­syn­da göw­re­li ene 6 ça­ga­ny dün­ýä in­dir­di. Bu ba­ra­da ýer­li “An-Na­har” ne­şi­ri ha­bar ber­ýär.
Bagt­ly maş­ga­la 5-nji ça­ga­sy­na ga­raş­ýar­dy. Ýö­ne ola­ra ga­raş­ýan 6 ça­ga bar­dy. Bu ýag­daý maş­ga­la üçin ga­ra­şyl­ma­dyk begençli wa­ka bol­dy. Bä­şin­jä ga­raş­dy­lar, ça­ga­la­ry­nyň sa­ny 10 bol­dy. Li­wan­ly enäniň 3 ogul we 3 gyz dün­ýä in­di­rendigi, ola­ryň ýag­da­ýy­nyň ka­da­ly­dy­gy mä­lim edil­di.
Şeý­le ýag­da­ýa ozal Ame­ri­ka­da duş gel­nip­di. 17 ýyl­dan bä­ri ça­ga ga­raş­ýan maşgalanyň bir­ba­da 3 ogly, 3 gyzy je­mi 6 ça­ga­sy dün­ýä inip­di.