Fut­bol bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň mil­li çem­pio­na­tyn­da 2-nji tap­gyr­da ge­çi­ri­len 3 du­şu­şy­gyň 2-sin­de ýer eýe­le­ri ýe­ňiş ga­zan­dy. Has ta­ky­gy, “Ener­ge­tik” to­pa­ry “Bal­kan­dan” 2–1, “Merw” hem “Şag­adam­dan” 2–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Paý­tagt der­bi­sin­de-de “Kö­pet­dag” öz meý­dan­ça­syn­da “Aş­ga­bat­dan” 2–1 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. Her ýa­rym­da 1 gol ge­çi­ren “Ener­ge­tik” to­pa­ry­nyň adyn­dan Pa­ra­hat Ju­ma­na­za­row (34) bi­len Mu­ham­met As­ta­now (63) ta­pa­wut­lan­dy. 38-nji mi­nut­da bir oýun­çy­sy (Tir­kiş Mu­ham­met­ber­di­ýew) gy­zyl kar­toç­ka alan “Bal­ka­nyň” go­lu­ny-da 90+3-nji mi­nut­da Azat Ga­ra­ja­ýew der­we­zä ýol­la­dy. Bi­rin­ji ýa­ry­my gol­suz ge­çen oýun­da “Mer­we” 3 utuk ge­ti­ren pök­gü­le­ri 59-njy mi­nut­da Söh­bet Al­la­nu­row bi­len 90+3-nji mi­nut­da Il­ýa Ta­mur­kin öz at­la­ry­na ýaz­dyr­dy­lar. Çe­ke­le­şik­li ge­çen paý­tagt der­bi­sin­de-de il­kin­ji bo­lup, 26-njy mi­nut­da myh­man­çy­lyk­da­ky “Aş­ga­bat” to­pa­ry­nyň bel­li oýun­çy­sy Na­zar Baý­ra­mow ha­sa­by açdy. 6 mi­nut­dan soň, Ber­di Hot­dy­ýew hasaby deňledi. 57-nji mi­nut­da-da Pir­my­rat Ga­za­kow “Aş­ga­bat” to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren go­ly der­we­zä gi­riz­di. Şeý­le­lik­de, “Aş­ga­bat” to­pa­ry 2-nji ýeň­şi­ni ga­zan­yp, il­kin­ji 2 tap­gyr­dan soň, sa­naw­da 1-nji orun­da bar­ýar.