Düýn UEFA-nyň merkezi edara binasynyň ýerleşýän şäheri Nionda (Şweýsariýa) Çempionlar hem-de Ýewropa ligalarynyň çärýek finalynyň bijeleri çekildi. Çempionlar ligasynyň bijelerini Kiýewdäki Olimpiýa stadionynda oýnaljak finalyň ýörite ilçisi, wekili, ukrainaly meşhur ýyldyz Andreý Şewçenko çekdi. Bijä laýyklykda, çärýek finalyň iň köp üns merkezindäki duşuşygy geçen ýylyň finalçylarynyň arasyndaky oýun bolar. Ýagny “Ýuwentus” bilen “Real Madrid” ýene bir ýola, ýöne bu gezek çärýek finalda gabatlaşar. Iki topar şu wagta 19 gezek duşuşdy. Şolarda “Ýuwentus” 8, “Real” 9 sapar ýeňiş gazandy, 2 duşuşygam deňlikde tamamlandy. Deňeçerräk ýagdaýda geçmegine garaşylýan ýene bir oýunda iki iňlis topary – “Liwerpul” bilen “Mançester Siti” duşuşar. Olar Ýewrokuboklarda ilkinji ýola gabatlaşýar. Çempionlygyň esasy dalaşgärlerinden “Barselona” italýanlaryň wekili “Roma” bilen bije atyşdy. Iki topar mundan ozal 4 gezek duşuşyp, hersi 1 sapar ýeňiş gazandy (gollarda 8–6 “Barselona” öňde). 2015–2016 möwsüminde toparçada “Barselona” öz meýdançasynda “Romany” 6–1 hasabynda utupdy. Rimdäki duşuşyk bolsa, deňlikde tamamlanypdy. “Bawariýa” bolsa, Ýewropa ligasynyň iň köp çempion bolan topary, ýöne bu ýaryşda 60 ýyldan soň, ikinji sapar çärýek finala çykan “Sewilýany” kabul eder. Bu olaryň arasyndaky ilkinji duşuşyk bolar. Şeýlelikde, Kiýewe barýan ýolda Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň 1-nji oýunlary 3–4-nji aprelde, jogap duşuşyklary-da 10–11-nji aprelde oýnalar.
Çempionlar ligasynda çärýek finala çykan 8 klubuň 3-si Ispaniýadan, 2-si Italiýadan, 2-si Angliýadan, galan biri-de Germaniýadan bolup, olaryň UEFA-nyň sanawyndaky öňdebaryjy 4 çempionata degişli toparlardygy aýratyn bellärliklidir.

***
8 toparyň hersiniň bir döwlete wekilçilik edýän UEFA Ýewropa ligasynyň çärýek finalynyň bijelerini finalyň ilçisi, meşhur fransuz futbolçysy Erik Abidal çekdi. Kubogyň dalaşgärlerinden “Arsenal” Russiýanyň SSKA topary bilen bije atyşdy. Şeýle-de iki goňşy döwletiň wekilleri “Atletiko” bilen “Sporting” hem çärýek finalda duşuşar. Ýewropa ligasynda çärýek finalyň birinji duşuşyklary 5-nji aprelde, jogap oýunlary-da 12-nji aprelde oýnalar.