Lon­don­da­ky oýun­dan deň­lik bi­len do­la­nan “Bar­se­lo­na” öz meý­dan­ça­syn­da “Çel­si­ni” 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Myh­man­çy­lyk­daky oýun­da “Çel­si­niň” to­run­dan deňlik go­lu­ny ge­çi­ren Mes­si “Kamp Nou­da­ky” du­şu­şygyň eýýäm 3-nji mi­nutyn­da ta­pa­wut­lan­dy. Bu gol su­per ýyl­dy­zyň kar­ýe­ra­syn­da­ky iň çalt wagt­da der­we­zä uran pök­gü­si diý­lip ha­sa­ba alyn­dy. Bu gol­dan soň, dep­gi­ni güýç­len­di­ren “Çel­si” bir­nä­çe amat­ly pur­sat­lar dö­ret­se-de, oňyn ne­ti­je­ alyp bil­me­di. Ýö­ne gar­şy­lyk­la­ýyn hü­jüm­de ýer eýe­le­ri 20-nji mi­nut­da Mes­si­niň pa­syn­dan soň, Us­man Dem­be­le bi­len ha­sa­by 2–0-a çy­kar­dy. “Çel­si” üçin mun­dan soň ha­sa­by deň­le­mek ýe­ter­lik­di, em­ma bol­ma­dy. 2-nji ýa­rym­da-da , has ta­ky­gy, 63-nji mi­nut­da ýe­ne-de Lio­nel Mes­si owa­dan go­ly öz ady­na ýaz­dyr­dy. Bu top go­laý­da 3-nji og­ly dün­ýä inen su­per ýyl­dy­zyň Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da­ky 100-nji go­ly bol­dy. Mes­si 123 du­şu­şyk­da mu­ny ba­şa­ryp, Ro­nal­do­dan soň (137 oýun­da), bu ýa­ryş­da 100 go­la ýe­ten 2-nji fut­bol­çy­ diýen ady eýeledi. Şeý­le­lik­de, bu ýa­ryş­da bas­syr 9-njy oý­nun­da öz meý­dan­ça­syn­da gol ge­çirt­me­dik “Bar­se­lo­na” yz­ly-yzy­na 11-nji, umu­my­lyk­da-da 17-nji sa­par çär­ýek fi­na­la çyk­dy. “Bar­se­lo­na” öz meý­dan­ça­syn­da yz­ly-yzy­na 25-nji ýeň­şi­ni ga­za­nyp, “Ba­wa­ri­ýa­nyň” 29 oýun­lyk re­kor­dy­na go­laý­la­dy.
Öz meý­dan­ça­syn­da jo­gap­syz 5 pök­gi ge­çi­ren “Ba­wa­ri­ýa” myh­man­çy­lyk­da-da “Be­şik­ta­şy” 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Tia­go Al­kan­ta­ra (18), Gök­han Gö­nül (46, ö.d.) hem-de Wag­ne­riň (84) gol­la­ry bi­len ýe­ňiş ga­za­nan “Ba­wa­ri­ýa” yz­ly-yzy­na 7-nji, umu­my­lyk­da-da 17-nji sa­par çär­ýek fi­na­la ýollanma al­dy. Bu ýe­ňiş Ýupp Haýn­ke­siň Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da tä­lim­çi hök­mün­de yz­ly-yzy­na ga­za­nan 11-nji ýeň­şi bo­lup, ol bu ba­bat­da re­kor­dy öz ady­na ge­çir­di (Lu­is wan Ga­al, Kar­lo An­çe­lot­ti 10 oýun). Haýn­kes 2012/13 möw­sü­min­de 5, şu möw­süm­de-de 6oýun­da ýe­ňiş ga­zan­dy.