Is­pa­ni­ýa­da­ky oýun­da iki to­pa­r hem gol ge­çi­rip bil­män­di. Ýer eýe­le­ri­niň üs­tün­li­gin­de ge­çen şol du­şu­şy­gyň jo­gap oý­ny Man­çes­ter­de oý­nal­dy. “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” il­kin­ji ýa­rym­da şow­ly çy­kyş et­se-de, ha­sa­by aç­mak ola­ra ba­şart­ma­dy. 2-nji ýa­ry­myň ahy­ryn­da dep­gi­ni güýç­len­di­ren “Se­wil­ýa­nyň” tä­lim­çi­si 72-nji mi­nut­da Lu­is Mu­rie­liň or­nu­na fran­si­ýa­ly hü­jüm­çi Wis­sam Ben Ýed­de­ri meý­dan­ça çy­kar­dy. Ez­ber hü­jüm­çi bol­sa, 2 mi­nut­dan soň, ha­sa­by aç­dy. Ol şol gol­dan 4 mi­nut so­ňam ýe­ne bir pök­gi ge­çi­rip, Mou­ri­nio­nyň tä­lim­çi­li­gin­dä­ki “Ýu­naý­te­di” ha­sam çyk­gyn­syz ýag­da­ýa sal­dy. Bu onuň şu möwsümdäki 8-nji goly boldy. 84-nji mi­nut­da Ro­me­lu Lu­ka­ku to­pa­ry­nyň ge­çir­den 2 go­ly­nyň bi­ri­niň öwe­zi­ni dol­sa-da, bu ha­sap ola­ra çär­ýek fi­nal üçin ýe­ter­lik bol­ma­dy. Ýew­ro­pa li­ga­syn­da ga­za­ny­lan çem­pi­on­lyk esa­syn­da bu ýa­ry­şa go­şu­lan “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” ozal­ky ro­wa­ýa­ty tä­lim­çi­si Aleks Fer­gu­son­dan soň, Ýew­ro­panyň ku­bok ýa­ryş­la­ryn­da il­kin­ji ge­zek öz meý­dan­ça­syn­da utul­dy. “Se­wil­ýa” bol­sa, 60 ýyl­dan soň, UEFA-nyň bi­rin­ji de­re­je­li ýa­ry­şyn­da çär­ýek fi­na­la çyk­dy. Olar soň­ky sa­par 1958-nji ýyl­da çär­ýek fi­nal­da “Re­al Mad­rid­den” 2 oý­nuň ne­ti­je­si bo­ýun­ça 10–2 ha­sa­byn­da as­gyn ge­lip­di.
Uk­rai­na­nyň “Şaht­ýo­ry” ta­ry­hyn­da 2-nji ge­zek çär­ýek fi­na­la çyk­mak üçin ta­gal­la ba­ry­ny et­di. Ýö­ne jo­gap oý­nun­da “Ro­ma­dan” 1–0 ha­sa­byn­da utu­lyp, ýa­ryş­dan çyk­dy. Ital­ýan to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren ýe­ke-täk pök­gi­ni 52-nji mi­nut­da Edin Je­ko der­we­zä ýol­la­dy. Şun­luk­da, “Ro­ma” 10 ýyl­dan soň, umu­my­lyk­da 3-nji ýo­la çär­ýek fi­nal­da oý­nar.