Türkmenistan möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň bosagasynda dur. Ertir tutuş ýurdumyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Saýlawlar üçin ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Ýurdumyzyň saýlaw uçastoklarynyň 2 müň 604-siniň ählisi işe doly taýýar. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda daşary ýurtlarda döredilen uçastoklaryň 39-sy hem öz saýlawçylaryna garaşýar.
15-nji martda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, ähli saýlaw okruglarynda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlaryny, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalaryny saýlamak boýunça möhletinden öň ses bermäge girişildi.
Bu işler, ilkinji nobatda, uzak möhletli iş saparyna ýa-da dynç alşa gidýän raýatlar, şeýle hem saýlaw güni – 25-nji martda haýsydyr bir sebäplere görä, öz saýlaw uçastogyna gelip, ses berip bilmejekler üçin göz öňünde tutulandyr.
Türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça ýörite gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasynyň bilermenleriniň garaşsyz topary, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan bolan synçylaryň topary saýlaw möwsümine gözegçilik etdiler. Halkara synçylar dürli okruglarda saýlaw uçastoklarynda bolup, olaryň enjamlaşdyrylyşy, uçastok toparlarynyň düzümi bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, olaryň birnäçe welaýat we Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärler hem-de olaryň ynanylan adamlary bilen duşuşyklary guraldy.
Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri we dalaşgärleriň özleri tarapyndan bellenilen milli synçylar hem öz işini amala aşyrdylar.
Umuman, milli parlamentiň deputatlygyna jemi 284, welaýat halk maslahatlarynyň agzalygyna 489, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 2570, şeýle hem Geňeşleriň agzalygyna 13215 dalaşgär hödürlenildi. Olaryň hatarynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň ýokary derejeli hünärmenleri, dürli ýaşly we hünärli, dürli milletiň wekilleri bar.
Ertir ses bermäge hukugy bolan ähli raýatlarymyzyň mynasyp gören dalaşgärine öz sesini bermegi galdy. Ses bermäge gatnaşmak üçin ähli mümkinçilikler döredildi.