Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy bellenip geçildi. Ýurdumyzyň ýokary diplomatik mekdebiniň döredilmegi mynasybetli “Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy: taryhdan geljege” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen maslahata gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiz Gutlag hatyny iberdi.
Maslahata ýurdumyzyň hökümetiniň wekilleri, paýtagtymyz Aşgabatdaky daşary ýurt diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, jemgyýetçilik guramalaryň, ýerli we daşary ýurt metbugatynyň wekilleri, milli diplomatiýamyzyň ýokary mekdebiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdy.
Maslahatyň açylyşynda hormatly Prezidentimiziň Gutlagy okaldy. Milli Liderimiziň Gutlagynda: “Häzirki zaman şertlerinde halkara gatnaşyklary netijeli ösdürmek wezipesi hem diplomatik gullugyň işgärlerinden ýokary hünär ussatlygyny, çuňňur bilimi we başarnygy, hemmetaraplaýyn taýýarlygy talap edýär. Ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň berk binýada esaslanmagy we mundan beýläk-de kämilleşmegi, bildirilýän ýokary talaplara laýyk bolmagy hem-de netijeli işlemegi biziň mydama üns merkezimizde durýar. ” diýip, bellenip geçilýär.
Milli diplomatiýamyzyň ýokary okuw mekdebiniň geçen durmuş ýoly maslahatyň çäklerinde edilen çykyşlarda bellenip geçildi. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasat strategiýasynyň çäklerinde bu ýokary okuw mekdebinde ýurdumyzyň diplomatiýa gullugy bilen bir hatarda, hukuk, ykdysadyýet hem-de metbugat ugurlary boýunça ökde hünärmenler taýýarlanýar.
Milli Liderimiziň Permany esasynda 2008-nji ýylyň 20-nji martynda döredilen bu ýokary okuw mekdebi üçin paýtagtymyz Aşgabadyň merkezinde döwrebap binalar toplumy gurlup berildi. Bu binalar toplumy 2011-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda ulanmaga berildi. Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw ulgamy häzirki zaman talaplaryna laýyklykda yzygiderli döwrebaplaşdyryldy. Ilkinji ýylynda 6 kafedra bilen bilim bermäge başlan okuw mekdebinde häzirki wagtda 4 fakultet – halkara gatnaşyklary, halkara hukugy, halkara ykdysady gatnaşyklary hem-de halkara žurnalistika fakultetleri boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanýar. Geçen 10 ýylyň dowamynda bu ýokary okuw mekdebini tamamlan 400-den gowrak talyp häzirki wagtda ýurdumyzyň diplomatik gullugynda, ykdysadyýet, hukuk we metbugat gulluklarynda üstünlikli zähmet çekýär.