Portugaliýanyň Obidos şäherinde geçirilen şokolad önümleriniň halkara festiwalynda dünýäniň iň gymmat bahaly şokolady görkezildi. Bu barada “The Portugal News” habar berýär. Konditer önüminiň bahasy 7728 ýewro (takmynan, 9,489 dollar).
Bu şokolady taýýarlamak üçin zagpyran, ak domalan, madagaskar wanilini hem-de mälim edilmedik düzüm bölekleri ulanyldy. Bezeg hökmünde 23 karatlyk altyn peýdalanyldy. Konditer önümleriniň ussady Daniel Gomeş bu şokolady taýýarlamak üçin bir ýylyny sarp etdi. Ol bir ýylyň dowamynda konditer önümleriniň 1000 sanysyny taýýarlady. Her bir şokolad “Swarovski” şaý-sepleri bilen bezelen ýörite agaçdan ýasalan gutujyga ýerleşdirildi. Şeýle täsin şokolad önümi Birleşen Arap Emirliklerine, Angola, Argentina hem-de Russiýa iberildi. Bu şokoladyň öndürijisi Daniel Gomeş brilliant görnüşindäki şokoladyň dünýäniň iň gymmat şokolady hökmünde sertifikatlaşdyrylandygyny belledi. Şeýlelikde, ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Mundan ozalky rekord, iň gymmat süýji 2017-nji ýylda taýýarlanan we bahasy 250 dollar bolan 54 gram agramdaky “La Madeline au Truffe” şokoladyna degişlidi.