Ge­çen 2017-nji ýyl­da bir­nä­çe oýun­çy pro­fes­sio­nal de­re­je­dä­ki fut­bol­çy­lyk kar­ýe­ra­la­ry­na soň­ky no­ka­dy goý­dy. Ola­ryň ara­syn­da Tot­ti, Pir­lo, Ka­ka, Ça­bi Alon­so, Lam, Ro­sis­ki, Kuýt ýa­ly fut­bo­la uly go­şant go­şant ägirt­ler hem bar.
Fran­çes­ko Tot­ti. Fut­bol­çy­kyk kar­ýe­ra­sy­ny di­ňe bir klub­da ge­çi­ren az san­ly oýun­çy­lar­dan Fran­çes­ko Tot­ti 41 ýa­şy­na çen­li özü­niň gö­wün be­ren to­pa­ry “Ro­ma­da” oý­na­dy. 1976-njy ýy­lyň 27-nji sent­ýab­ryn­da Rim­de dün­ýä inen Tot­ti söý­gü­li klu­bun­da çär­ýek asyr­lap çy­kyş et­di. “Ro­ma­da” 786 oýun­da 307 gol ge­çi­ren Tot­ti ir­ki ýyl­la­ryň fut­bol­çy­sy Sil­wio Pio­la­dan soň, “Se­rie A-nyň” ta­ry­hyn­da­ky iň ne­ti­je­li 2-nji fut­bol­çy­dyr (“Serie A-da” 619 oýunda 250 gol, tutuşlygyna 786 oýunda 307 gol). Tot­ti “Se­rie A-da” 1 sa­par çem­pi­on bo­lup, Ita­li­ýa­nyň Ku­bo­gy­ny we Su­per Ku­bo­gy­ny-da 2 ge­zek eýe­le­di. 2006-njy ýyl­da 58 ge­zek çy­kyş eden mil­li ýy­gyn­dy­sy Ita­li­ýa­nyň to­pa­ry bi­le­nem Dün­ýä Ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di.
And­rea Pir­lo. Fut­bo­lyň bi­na­gä­ri (“i’archi­tet­to”), pro­fes­so­ry (“il pro­fes­so­re”), us­sa­dy (“maest­ro”) ýa­ly la­kam­la­ry bi­len ta­nal­ýan And­rea Pir­lo hem ge­çen ýyl fut­bol bi­len hoş­laş­dy. 1979-njy ýy­lyň 19-njy ma­ýyn­da Ita­li­ýa­nyň Fle­ro şäherçesinde dog­lan Pir­lo “In­ter­dir” “Mi­lan” we “Ýu­wen­tu­syň” köý­nek­çe­si­ni ge­ýen 4 ital­ýan oýun­çy­nyň bi­ri­dir. Kar­ýe­ra­sy­nyň soň­ky 2 ýy­ly­ny ABŞ-da ge­çi­ren Pir­lo 113 ge­zek mil­li to­par­da çy­kyş edip, ol 2006-njy ýyl­da Ita­li­ýa­nyň ga­za­nan dün­ýä çem­pi­on­ly­gy­na uly go­şant goş­dy. Pir­lo “Se­rie A-da” 6, Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da 2 ge­zek çem­pi­on­lyk ga­zan­dy.
Ri­kar­do Ka­ka Lei­te. Do­ly ady Ri­kar­do Izak­son dos San­tos Lei­te bo­lan 35 ýaş­ly ýa­rym­go­rag­çy 2001-nji ýyl­da pro­fes­sio­nal kar­ýe­ra­sy­na ýur­du­nyň “Sao Pao­lo” to­pa­ryn­da baş­lap, 2003–2009-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da “Mi­lan­da”, soň­ra 4 ýyl­lap “Re­al Mad­rid­de” oý­na­dy. 2013-nji ýyl­dan soň, tä­ze­den “Mi­lan­dyr” “Sao Pao­lo­da” hem-de soň­ky 2 möw­süm­de-de ABŞ-nyň “Or­lan­do Si­ti” to­pa­ry­nyň köý­nek­çe­si­ni geý­di. Klub kar­ýe­ra­syn­da 654 oýun­da 208 pök­gi ge­çi­ren Ka­ka 2002-nji ýyl­da Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Dün­ýä Ku­bo­gy­ny ga­za­nan­da, ol to­pa­ryň bir ag­za­sy­dy. Mil­li to­par­da 92 du­şu­şyk ge­çi­ren Ka­ka “Se­rie A-da”, “La Li­ga­da”, Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da, FI­FA Klub­lar ara­sy Dün­ýä Ku­bo­gyn­da, UEFA Su­per ku­bo­gyn­da ýe­ňi­ji bol­dy. Ol 2007-nji ýyl­da “Al­tyn top” baý­ra­gy­ny-da ga­zan­ma­gy ba­şar­dy.
Ça­bi Alon­so. 1999/2000 möw­sü­min­de “Re­al So­sie­dad­da” baş­lan kar­ýe­ra­sy­ny “Li­wer­pul”, “Re­al Mad­rid” hem-de “Ba­wa­ri­ýa” to­par­la­ryn­da do­wam et­di­ren ýa­rym­go­rag­çy 36 ýa­şyn­da fut­bo­ly taş­la­dy. 1981-nji ýylyň 25-nji no­ýab­ryn­da To­lo­sa­da dün­ýä inen Ça­bi Alon­so klub­lar­da 701 oýun­da 44 gol ge­çir­di. Mil­li to­pa­ryn­da-da 114 du­şu­şyk oý­nan Alon­so Is­pa­ni­ýa bi­len Dün­ýä Ku­bo­gyn­da 1, Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da-da 2 ge­zek ýe­ňiş ga­zan­dy. 2 sa­par Çem­pi­on­lar li­ga­sy ku­bo­gy­ny ýo­ka­ry gö­te­ren Alon­so Is­pa­ni­ýa­dyr Ger­ma­ni­ýa­da-da çem­pi­on­lyk­la­ra eýe bol­dy.
Fi­lip Lam. Ge­çen ýyl fut­bol bi­len hoş­la­şan­la­ryň bi­ri-de Fi­lip Lam­dyr. 2014-nji ýyl­da Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Dün­ýä çem­pio­ny bo­la­nyn­dan soň, 1983-nji ýy­lyň 11-nji no­ýab­ryn­da Mü­nhen­de dün­ýä inen Fi­lip Lam mil­li to­par­da soň­ky sa­par çy­kyş eden­di­gi­ni ha­bar be­rip­di. Ýö­ne şol wagt köp­ler 31 ýaş­ly go­rag­çy­nyň ýe­ne-de mil­li to­pa­ra do­lan­ja­gy­na ynam bil­di­rip­di. Em­ma Lam 3 ýyl­dan fut­bo­ly taş­la­dy otu­ry­ber­di. Ge­çen ýyl “Bun­des­li­ga­da” ýy­lyň fut­bol­çy­sy saý­la­nan Lam 15 ýyl­lap “Ba­wa­ri­ýa­da” çy­kyş et­di. 2003–2005-nji ýyl­lar­da 2 möw­süm “Ştut­gart­da” kä­ren­de­si­ne oý­nan La­myň şah­sy kol­lek­si­ýa­syn­da äh­li ku­bok­dan diýen ýaly bar. 8 ge­zek “Bun­des­li­ga­da” çem­pi­on bo­lan Lam Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da 1 sa­par ýe­ňiş ga­zan­dy.
Dirk Kuýt. 1980-nji ýy­lyň 22-nji iýu­lyn­da Gol­lan­di­ýa­nyň Kat­wiýk şä­he­rin­de dün­ýä inen Dirk Kuýt 1998-nji ýyl­da “Ku­ik Boýs­da” fut­bo­la baş­la­dy. “Ut­reht” (1998–2003), “Fe­ýe­noord” (2003–06), “Li­wer­pul” (2006–12), “Fe­ner­bah­çe” (2012–15) hem-de ýe­ne-de “Fe­ýe­noord” (2015–17) to­par­la­ryn­da oý­na­dy. Ol bu klub­lar­da 799 oýun­da 295 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. Mil­li to­par­da-da 104 du­şu­şyk ge­çi­rip, 24 go­ly öz ady­na ýaz­dyr­dy. Tür­ki­ýe­de we Gol­lan­di­ýa­da çem­pi­on bo­lan Kuýt Dün­ýä Ku­bo­gyn­da 2010-njy ýyl­da kü­müş, 2014-nji ýyl­da-da bü­rünç me­dal ga­zan­dy.
To­mas Ro­sis­ki. Çeh fut­bo­ly­nyň soň­ky ýyl­lar­da­ky esa­sy ýyl­dyz­la­ryn­dan To­mas Ro­sis­ki hem 19 ýyl­lyk kar­ýe­ra­sy­ny ge­çen ýyl jem­le­di. Fut­bo­la 1998-nji ýyl­da öz dog­duk şä­he­ri Pra­ga­nyň “Spar­ta” to­pa­ryn­da baş­lan 37 ýaş­ly Ro­sis­ki karýerasyny ýe­ne-de şol klub­da ta­mam­la­dy. 2001-nji ýyl­da Dort­mun­dyň “Bo­rus­si­ýa­sy­na” ge­çen Ro­sis­ki 2006–2016-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da “Ar­se­na­lyň” esa­sy ýyl­dy­zy bol­dy. Bu klub­lar­da 516 oýun­da 66 gol ge­çi­ren Ro­sis­ki Çe­hi­ýa­da 2, Ger­ma­ni­ýa­da-da 1 çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. Ro­sis­ki Çe­hi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­da-da 105 oýun­da 23 go­ly ge­çir­di.
Al­wa­ro Ar­be­loa. 2002-nji ýyl­da “Re­al Mad­ri­diň” 3-nji to­pa­ryn­da fut­bo­la baş­lan Al­wa­ro Ar­be­loa 1983-nji ýy­lyň 17-nji ýan­wa­ryn­da Sa­la­man­ka­da dün­ýä inýär. 2006-njy ýy­la çen­li “Re­al­da” çy­kyş eden Ar­be­loa 1 möw­süm “De­por­ti­wo­da”, 2007–2009-njy ýyl­lar­da-da “Li­wer­pul­da” oý­na­dy. 2009-njy ýyl­da-da “Rea­la” do­la­nan gapdal go­rag­çy fut­bol­da­ky soň­ky möw­sü­mi­ni “West Ham­da” ge­çir­di. Klub­lar­da 443 oýun oý­na­dy. Is­pa­ni­ýa bi­len Dün­ýä­niň çem­pio­ny, Ýew­ro­pa­nyň 2 ge­zek çem­pio­ny bol­ma­gy ba­şar­dy. “Re­al Mad­ri­d” bi­len Çem­pi­on­lar li­ga­sy ku­bo­gy­ny-da 2 sa­par as­ma­na gö­ter­di.
Mar­tin De­mi­çe­lis. 1980-nji ýy­lyň 20-nji de­kab­ryn­da Ar­gen­ti­na­da dün­ýä inen De­mi­çe­lis “Ri­wer Pleýt” (2000–03), “Ba­wa­ri­ýa” (2003–10), “Ma­la­ga” (2011–13), “Man­çes­ter Si­ti” (2013–16), “Es­pan­ýol” (2016–17) hem-de ýe­ne-de “Ma­la­ga” (2017) to­par­la­ryn­da oý­na­dy. 548 oýun­da 31 gol ge­çir­di. Mil­li to­par­da 51 oýun­da meý­dan­ça çyk­dy. “Bun­des­li­ga­nyň”, “Pre­mi­er li­ga­nyň” çem­pio­ny bolýar.
Tia­go Men­des. 1981-nji ýy­lyň 2-nji ma­ýyn­da Wiana de Kaştelýu şäherçesinde (Portugaliýa) dog­lan Tia­go Kar­do­so Men­des 1999-njy ýyl­da “Bragada” fut­bo­la baş­lady. Soň­lu­gy bi­len “Ben­fi­ka” (2002–04), “Çel­si” (2004–05), “Li­on” (2005–07), “Ýu­wen­tus” (2007–11), “At­le­ti­ko Mad­rid” (2010–11, 2011–17) to­par­la­ry­nyň köý­nek­çe­le­ri­ni geý­di. 561 oýun­da 64 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. “Pre­mi­er li­ga­da”, “Li­gue 1-de”, “La Li­ga­da” çem­pi­on bol­dy. Ýew­ro­pa li­ga­syn­da ýe­ňiş ga­za­nan Men­des mil­li to­par­da 67 oýun ge­çir­di.
Ze Roberto. 1974-nji ýylyň 6-njy iýulynda Braziliýanyň Sao Paolo şäherinde dünýä inen Žoze Roberto da Silwa Junior “Portuguese”, “Real Madrid”, “Flamengo”, “Baýer”, “Santos”, “Bawariýa”, “Hamburg”, “Al-Garafa”, “Gremio” we “Palmeiras” toparlarynda oýnady (849 oýun, 86 gol). 23 ýyllyk karýerasynda milli ýygyndyda 84 duşuşyk geçirdi.
Antonio Kassano. Gopgunly hereketleri bilen özüni tanadan italiýaly Antonio Kassanonyň futboly taşlaýşy hem gopgunsyz bolmady. Ilki taşlady, soň ýene-de dowam eden 35 ýaşly ýyldyz hüjümçi 1999-njy ýylda “Baride” futbola başlap, soňra degişlilikde, “Roma” (2001–06), “Real Madrid” (2006–08), “Sampdoria” (2007–08, 2008–11, 2015–17), “Milan” (2011–12), “Inter” (2012–13), “Parma” (2013–15) toparlarynda oýnady. 514 oýunda 141 gol geçirdi. Milli toparda-da 39 duşuşyga gatnaşdy.
Aleksandr Keržakow. “Zenitde” futbola başlap, şol klubda-da taşlan Alekandr Keržakow 1982-nji ýylyň 27-nji noýabrynda dünýä inýär. “Zenitden” (2001–06, 2010–17) başga-da “Sewilýa” (2006-08), “Dinamo Moskwa” (2008–10) hem-de “Sürih” (kärendesine, 2015–16) toparlarynda-da oýnan hüjümçi 504 oýunda 202 gol geçirdi.
BEÝLEKILER. Şeýle-de, Italiýaly ýarymgoragçy Simone Pepe (2001–2017, “Roma”, “Leçço”, “Teramo”, “Palermo”, “Piaçenza”, “Udineze”, “Kaliari”, “Ýuwentus”, “Kiewo”, “Peskara”), angliýaly ýarymgoragçy Skott Parker (1997–2017; “Çarlton”, “Norwiç”, “Çelsi”, “Nýukasl”, “West Ham”, “Tottenhem”, “Fulham”), italiýaly ýarymgoragçy Anjela Palombo (2001–2017, “Fiorentina”, “Inter” “Sampdoria”), angliýaly 38 ýaşyndaky meşhur derwezeçi Pol Robinson (1998–2017, “Lids”, “Tottenhem”, “Blekbern”, “Bernli”), awstriýaly derwezeçi Aleks Maninger (1995–2017, “Salsburg”, “Arsenal”, “Fiorentina”, “Siena”, “Ýuwentus”, “Augsburg”), ispaniýaly hüjümçi Miçu (2003–2017, “Owiedo”, “Selta”, “Raýo”, “Swansi”, “Langrea”) hem-de daniýaly goragçy Tomas Sorensen (2002–2017, “Lingbi”, “Koge”, AB, “Akranes”, “Lingbi”) dagy geçen 2017-nji ýylda professional futbolçylyk karýeralaryny bes eden beýleki oýunçylardyr.