* Çem­pi­on­lyk ýa­ry­şy­nyň çe­ke­le­şik­li do­wam ed­ýän çem­pio­nat­la­ry­nyň bi­ri-de Tür­ki­ýä­niň “Sü­per Li­gi” bo­lup, hä­zir­ki wagt­da 4 to­par bi­rin­ji­lik ug­run­da ýi­ti gö­reş alyp bar­ýar. Soň­ky tap­gyr­da 2 Stam­bul der­bi­si oý­nal­dy – “Fe­ner­bah­çe”–“Ga­la­ta­sa­raý”: 0–0, “Is­tan­bul Ba­şak­şe­hir”–“Be­şik­taş”: 1–0). 26-njy tap­gyr­dan soň, “Ga­la­ta­sa­ra­ýyň” 54, “Is­tan­bul Ba­şak­şe­hi­riň” 53, soň­ky 2 ýy­lyň çem­pio­ny “Be­şik­ta­şyň” 50 hem-de “Fe­ner­bah­çe­niň” 48 utu­gy bar.
* Por­tu­ga­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da he­mi­şe bol­şy ýa­ly, ýur­duň 3 lä­he­ňi çem­pi­on­lyk ug­run­da gö­reş­ýär. Şu möw­süm­de “Por­to” to­pa­ry hä­zir­lik­çe bir ädim öň­de ýa­ly. 26-njy tap­gyr­da utu­lyp, ara­ta­pa­wu­dyň azal­ma­gy­na se­bäp bo­lan “Por­to” 27 tap­gyr­dan soň, 70 utuk bi­len 1-nji ýer­de bar­ýar. “Ben­fi­ka­nyň” 68, “Spor­tin­giň” 65 hem-de ýurt­da­ky 4-nji uly to­par ha­sap­lan­ýan “Bra­ga­nyň” 61 utu­gy bar.
* Rus­si­ýa­nyň “Prem­ýer” li­ga­syn­da çem­pi­on­lyk ku­bo­gy bu ýyl hem Mosk­wa­da gal­sa ge­rek. 23-nji tap­gyr­dan soň, 1 oý­ny kem “Lo­ko­mo­tiw” 49 utuk bi­len öň­de bar­ýar. Soň­ky çem­pi­on “Spar­ta­gyň” 44 utu­gy bar we 2-nji orun­da bar­ýar. SSKA 41, “Kras­no­dar” 40, “Ze­nit” bol­sa, 39 utuk top­la­dy. Şeý­le-de 12 utuk­ly 16-njy orun­da bar­ýan “SKA-Ha­ba­rows­k” toparyna mun­dan soň, ligada galmak juda kyn bolar.