* Şweý­sa­ri­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 3 möw­süm­den bä­ri 2-nji ýe­ri eýe­le­ýän hem-de iň soň­ky sa­par 1986-njy ýyl­da (32 ýyl ozal) çem­pi­on bo­lan “Ýang Boýz” yz­ly-yzy­na 8 çem­pi­on­lyk ga­za­nan “Ba­ze­liň” üs­tün­li­gi­ni ahy­ry soň­lan­dyr­jak ýa­ly. Di­ňe 4–5–6-njy tap­gyr­lar­da li­der­li­gi “Sü­ri­he” al­dy­ran bern­li­ler 26-njy tap­gyr­dan soň, 61 utuk bi­len öň­de bar­ýar. 1 oý­ny kem “Ba­ze­liň-de” 45 utu­gy bar.
* Gre­si­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da şu ýyl “Olim­pia­kos­dan” baş­ga to­par çem­pi­on bo­lup bilerdi. AEK bi­len PA­OK-yň ara­syn­da ýi­ti gö­reş do­wam ed­ýär­di. Ýö­ne ola­ryň ara­syn­da 11-nji mart­da ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyň iň soň­ky mi­nut­la­ryn­da bo­lup ge­çen ýa­ra­maz ha­dy­sa­dan soň, ýur­duň Fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy çem­pio­na­tyň wagt­la­ýyn­ça ýa­ty­ry­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Çempionatyň ykbaly häzirlikçe belli bolman, sanawda şu wagtky ýag­daý­da 24 ýyl­dan soň, çem­pi­on­ly­ga ym­tyl­ýan AEK-iň 54, 23-nji tap­gyr­da li­der­li­gi al­dy­ran we mun­dan 33 ýyl öň çem­pi­on bo­lan PA­OK-yň 52, 45-nji çem­pi­on­ly­gy­ny na­zar­la­ýan “Olim­pia­ko­syň” 50 utu­gy bar.