* Gol­lan­di­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da PSW 71 utuk bi­len 28-nji tap­gyr­dan soň, 1-nji ýer­de bar­ýar. “Aýak­syň” 64, “AZ Alk­maa­ryň” 59, 18 ýyl­dan soň ge­çen möw­sümde çem­pi­onlyk gazanan “Fe­ýe­no­or­dyň” 48 utu­gy bar.
* Uk­rai­na­nyň çem­pio­na­tyn­da he­mi­şe­ki­ler ýa­ly “Şaht­ýor­my” ýa-da “Di­na­mo­my” di­ýen so­wa­la hä­zir­lik­çe do­nesk­li­ler di­ýip, jo­gap ber­se bo­lar. “Şaht­ýo­ryň” 54, “Di­na­mo­nyň-da” 48 utu­gy bar. Eger-de ga­lan tap­gyr­lar­da do­nesk­li­ler säw­lik goýber­me­se­ler, on­da olar bas­syr 2-nji, umu­my­lyk­da 11-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nar­lar.
* Belgiýanyň çempionatynda 30-njy tapgyr tamamlanyp, “Klub Brýugge” 12 utuk aratapawudy bilen öňde barýar. Olar 1 ýyllyk arakesmeden soň, nobatdaky çempionlygyna golaýlaýar. Soňky çempion “Anderlehtiň” 55, “Şarleroiniň” 51, “Gentiň” 50 utugy bar.
* Daniýanyň ýokary ligasynda-da “Brondbýu” bilen “Midtýullanyň” arasynda çempionlyk ugrunda ýiti göreş dowam edýär. 26 tapgyry tamamlanan çempionatda iki toparyňam 60 utugy bar. “Norşellann” 50 utuk bilen 3-nji hatarda barýar.