Is­pa­ni­ýa­nyň “La Li­ga­syn­da” “Bar­se­lo­na” öz meý­dan­ça­syn­da Bil­bao­nyň “At­le­ti­gi­ni” Al­ka­ser we Mes­si­niň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Mad­ri­diň “At­le­ti­ko­sy” An­tu­an Griz­man­nyň je­del­li ýag­daý­da bel­le­nen pe­nal­ti go­ly bi­len öňe saý­lan­sa-da, “Wil­ýar­re­al­dan” 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňil­di. Ýer eýe­le­ri­ne ýe­ňiş ge­ti­ren 2 go­ly-da oý­na soň­dan go­şu­lan Enes Ünal öz ady­na ýaz­dyr­dy. Soň­ky çem­pi­on “Re­al Mad­rid” öz meý­dan­ça­syn­da “Ži­ro­na­ny” ka­bul et­di. 9 go­luň ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyn­da su­per ýyl­dyz Kris­tia­no Ro­nal­do 4 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. Bu Ro­nal­do­nyň kar­ýe­ra­syn­da­ky 50-nji het-trigi bo­lup, ol “Re­al­da” 44, “M. Ýu­naý­ted­de” 1, Por­tu­ga­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­da-da 5 ge­zek het-trik edip­di.
***
Ger­ma­ni­ýa­nyň “Bun­des­li­ga­syn­da” öň­de­ba­ry­jy “Ba­wa­ri­ýa” myh­man­çy­lyk­da “Le­ip­sig­den” 2–1 ha­sa­byn­da utul­dy. Şeý­le­lik­de, “Ba­wa­ri­ýa” çem­pio­nat­da 13 oýun­dan soň, ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. 12-nji mi­nut­da Wag­ner bi­len öňe saý­la­nan myh­man­la­ryň to­run­dan ýe­ňiş pök­gü­le­ri­ni Kei­ta (37) hem-de Wer­ner (56) der­we­zä ýol­la­dy. “Ba­wa­ri­ýa” no­bat­da­ky tap­gyr­da ýe­ňiş ga­za­nyp, “Şal­ke­dir” “Bo­rus­si­ýa D.” ýe­ňil­se, mün­hen­li­ler no­bat­da­ky çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan eder­ler.