Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da kä­bir to­par­la­ryň FA ku­bo­gy­nyň çär­ýek fi­nal du­şu­şy­gy­ny ge­çir­ýän­di­gi se­bäp­li, di­ňe 4 oýun oý­nal­dy. Şo­la­ryň bi­rin­de “Li­wer­pul” öz meý­dan­ça­syn­da “Wat­ford” bi­len du­şuş­dy. Ýer eýe­le­ri­niň ag­dyk­ly­gyn­da ge­çen oýun­da to­pa­ryň mü­sür­li ýyl­dy­zy Mo­ha­med Sa­lah 4 pök­gi ge­çi­rip, beý­le­ki go­luň-da pa­sy­ny ber­di. Çem­pio­nat­da­ky gol­la­ry­nyň sa­ny­ny 28-e ýe­ti­rip, bu ugur­da Har­ri Keýn­den öňe saý­la­nan Sa­lah şu möw­süm­de 36 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy.
* Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri “Ýu­wen­tus” çem­pi­on­lyk ýo­lun­da uly ýit­gä se­ze­war bol­dy. Tu­rin­li­ler çem­pio­na­tyň aşa­ky orun­la­ryn­da bar­ýan SPAL bi­len myh­man­çy­lyk­da deň­me-deň oý­na­dy (0–0). “Na­po­li” bol­sa, “Je­noa­ny” 1–0 hasabynda ýeňip, lider bilen arasyndaky ara­ta­pa­wu­dy 2 utu­ga dü­şür­di. “In­ter” myh­man­çy­lyk­da “Samp­do­ria­ny” 5–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Du­şu­şyk­da 4 gol ge­çi­ren Mau­ro Ikar­di şu möw­süm­dä­ki pök­gü­le­ri­niň sa­ny­ny 22-ä ýe­tir­di. Şeý­le-de “Ata­lan­ta” hem myh­man­çy­lyk­da “We­ro­na­dan” 5–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Du­şu­şyk­da Ýo­sip Ili­çiç 3 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy.