Moto GP boýunça möwsümiň ilkinji ýaryşy Katar “Gran Prisinde” italiýaly Andrea Dowizioso ýeňiş gazandy. “Ducati” toparynyň sürüjisi 5,4 kilometrlik Halkara “Losail” trassasynda geçirilen 22 aýlawlyk bäsleşigi 42 minut 34,654 sekuntda tamamlap, möwsüme ýeňiş bilen başlady. Bu onuň Moto GP ýaryşlaryndaky 9-njy ýeňşidir. Dowiziosodan 0,027 sekunt soň pellehanadan geçen soňky çempion, ispaniýaly Mark Markes (“Repsol Honda”) 2-nji, 0,797 sekunt yza galan italiýaly Walentino Rossi (“Movistar Yamaha”) 3-nji ýeri eýeledi. Ýaryşa ilkinji hatardan başlan fransiýaly Ýohan Zarko (“Monster Yamaha Tech 3”) 8-nji orun bilen kanagatlanmaly boldy. Möwsümiň indiki ýaryşy 8-nji aprelde Argentinada geçiriler.
Moto GP Dünýä çempionatyna bu ýyl 12 topar, 24 sürüji gatnaşýar. Jemi 19 ýaryş geçirilip, möwsüm 18-nji noýabrda Walensiýa “Gran Prisi” bilen tamamlanar.