Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­ty­­nyň (WRC) möw­süm­dä­ki 3-nji ýa­ry­şy Mek­si­ka Ral­li­sin­de fran­si­ýa­ly Se­bas­ti­an Ožie ýe­ňiş ga­zan­dy. “M-Sport Ford WRT” to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­si pel­le­ha­na 3 sa­gat 54 mi­nut 08 se­kunt­da ge­lip, şu ýyl­ky 2-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 42-nji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. On­dan 1 mi­nut 03,6 se­kunt yza ga­lan “Hy­un­dai Shell Mo­bis WRT” to­pa­ry­nyň is­pan pi­lo­ty Da­ni Sor­do 2-nji ýe­ri eýe­le­di. Ýe­ňiş mün­be­ri­ni ta­mam­la­ýan 3-nji sü­rü­ji-de “Cit­roën To­tal Abu Dha­bi WRT” to­pa­ry­nyň bri­tan pi­lo­ty Kris Mik bol­dy (3:55:27,2 sa­gat). Dün­ýä Ral­li ýa­ry­şy­na tä­ze­den do­la­nan, ro­wa­ýa­ty sü­rü­ji, 9 ge­zek çem­pi­on di­ýen ady eýe­län Se­bas­ti­an Lýob 5-nji or­ny eýe­le­di.
Bu ýa­ryş­dan soň, utu­gy­ny 56-a çy­ka­ran soň­ky 5 ýy­lyň çem­pio­ny Ožie 1-nji ha­tar­da bar­ýar. 4 utu­gy az Ti­er­ri Noý­wil 2-nji, 35 utuk­ly And­re­as Mik­kel­sen 3-nji ýe­ri eýe­le­ýär. Möw­sü­miň 4-nji ýa­ry­şy 5–8-nji ap­rel ara­ly­gyn­da Fran­si­ýa­da ge­çi­ri­ler.