Is­pa­ni­ýa­nyň “La Li­ga­syn­da” ädim­me-ädim çem­pi­on­ly­ga go­laý­lap bar­ýan “Bar­se­lo­na” to­pa­ry 27-nji tap­gyr­da “At­le­ti­ko­ny” 1–0 ha­sa­byn­da utup­dy. Şol oýun­da ka­ta­lon­la­ra ýe­ňiş ge­ti­ren ýe­ke-täk pök­gi­ni su­per ýyl­dyz Lio­nel Mes­si öz ady­na ýaz­dy­ryp­dy. Mes­si­niň bu go­ly ta­ry­hy gör­ke­zi­ji hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Ýag­ny Mes­si res­mi oýun­lar­da 600-nji go­lu­ny ge­çi­rip (soňky oýun­la­ry-da go­şa­nyň­da 603), ol ta­ryh­da mu­ny ba­şa­ran 7-nji fut­bol­çy bol­dy. Lio­nel Mes­si şu wag­ta çen­li “Bar­se­lo­na” bi­len 542 gol, ýag­ny “La Li­ga­da” 374, UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da 100, Is­pa­ni­ýa Şa Ku­bo­gyn­da 47, Is­pa­ni­ýa Su­per ku­bo­gyn­da 13, FI­FA Dün­ýä klub­lar çem­pio­na­tyn­da 5, UEFA Su­per ku­bo­gyn­da-da 3 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. 30 ýa­şyn­da­ky ýyl­dyz oýun­çy Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­syn­da-da 61 go­ly öz ady­na ýaz­dyr­dy. Eý­sem Mes­si­den öň haý­sy fut­bol­çy­lar 600-den köp gol ge­çir­dikä?!. Ar­gen­ti­na­ly oýun­çy­dan ozal, onuň äh­li ba­bat­da eze­li bäs­de­şi Kris­tia­no Ro­nal­do bu hor­ma­ta eýe bo­lup­dy. Ro­nal­do “Spor­ting”, “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” hem-de “Re­al Mad­ri­diň” dü­zü­min­de 566, Por­tu­ga­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­da-da 79 ge­zek ta­pa­wut­la­nyp, hä­zir­lik­çe 646 gol bi­len 6-njy orun­da bar­ýar. Fut­bol kar­ýe­ra­la­ryn­da Ro­nal­do 16-njy, Mes­si 14-nji möw­süm­le­ri­ni ge­çir­ýärler. Ro­nal­do 33, Mes­si 30 ýa­şyn­da. Her ýyl­da azyn­dan 40–50 gol ge­çir­ýän su­per ýyl­dyz­la­ryň ýe­ne-de nä­çe wagt­lap kar­ýe­ra­la­ry­ny do­wam et­dir­jek­dik­le­rini hem-de nä­çe­räk gol ge­çir­jek­dik­le­ri­ni hä­zir­den aýt­mak kyn. Ýö­ne şu dep­gi­nlerini sak­lan ýag­daý­la­ryn­da, ola­ryň iki­si­niň-de 5-nji ha­tar­da­ky Gerd Mül­le­rden oz­mak­la­ry müm­kin. Ger­ma­ni­ýa­ly ro­wa­ýa­ty oýun­çy­dan öňe geç­mek­le­ri üçin Ro­nal­do­nyň 89, Mes­si­niň 132 ge­zek ta­pa­wut­lan­ma­gy ge­rek. Gerd Mül­le­riň 735 go­ly bar.
4-nji orun­da di­ňe bir wen­ger fut­bo­ly­nyň däl, eý­sem dün­ýä fut­bo­ly­nyň-da ägirt­le­rin­den Fe­renç Puş­kaş bar. 2006-njy ýyl­da 79 ýa­şyn­da ara­dan çy­kan Puş­kaş 1943–1966-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da 754 oýun­da 746 go­ly öz ady­na ýaz­dyr­dy. En­çe­me ýyl­lap “Re­al Mad­ri­diň” köý­nek­çe­si­ni ge­ýen Puş­kaş mil­li ýy­gyn­dy­da iň köp gol ge­çi­ren ýew­ro­pa­ly fut­bol­çy di­ýen de­re­jä­niň hä­zi­rki wagtda-da eýe­si­dir.
Bra­zi­li­ýa­nyň ägirt­le­rin­den, fut­bo­lyň şa­sy Pe­le 3-nji bas­gan­çak­da bar­ýar. Dün­ýä Ku­bo­gy­ny 3 ge­zek as­ma­na gö­te­ren ýe­ke-täk fut­bol­çy bo­lan Pe­le 21 ýyl­lyk kar­ýe­ra­syn­da “San­tos” toparynda hem-de 3 möw­süm ABŞ-nyň “Nýu Ýork Kos­mos” klubunda oý­na­dy. “San­tos” bi­len “Ko­pa Li­ber­ta­do­res­de” 2 çem­pi­on­lyk ga­za­nan Pe­le mil­li to­par­da 92 oýun­da 77 gol ge­çir­di. Umu­my­lyk­da, 831 res­mi oýun­da 767 gol ge­çi­ren Pe­le 3-nji ha­tar­da bar­ýar. Onuň oý­nan äh­li du­şu­şyk­la­ry­ny ha­sa­ba ala­nyň­da bol­sa, IFFHS-niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Pe­le 1363 oýun­da 1281 ge­zek ta­pa­wut­la­nyp­dyr.
2-nji or­ny-da bra­zi­li­ýa­ly başga bir fut­bol­çy – Ro­ma­rio eýe­le­ýär. 4 ýurt­da çem­pi­on­lyk ga­za­nan hü­jüm­çi 24 ýyl­lap ýa­şyl meý­dan­ça­lar­da çy­kyş et­di. 1985–2009-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da 994 ge­zek meý­dan­ça çy­kan Ro­ma­rio 772 pök­gi­ni der­we­zä gi­riz­di. 43 ýa­şyn­da fut­bo­ly taş­lan Ro­ma­rio özüniň şahsy ha­sa­ba­ty­na gö­rä, 1000-de­nem köp gol ge­çi­rip­dir. Ýö­ne onuň sta­tis­ti­ka­sy res­mi mag­lu­mat­lar bi­len ga­bat­laş­ma­ýar.
Sa­na­wyň ba­şy­ny çe­hi­ýa­ly Ýo­sef Bi­san çek­ýär. 1913-nji ýyl­da dün­ýä inen Bi­san bu ba­bat­da dün­ýä re­kor­dy­nyň eýe­sidir. 21-nji asy­ryň iň ne­ti­je­li fut­bol­çy­sy saý­la­nan Bi­san 1931–1955-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da Awst­ri­ýa bi­len Çe­hos­lo­wa­ki­ýa­nyň çem­pio­nat­la­ryn­da çy­kyş ed­ýär. Iki mil­li ýy­gyn­dy­nyň-da köý­nek­çe­si­ni ge­ýen Ýo­sef Bi­sa­nyň de­pe­nin­den köp­rä­gi gol bo­lup­dyr. Ol je­mi 530 oýun­da 805 gol ge­çi­rip­dir (ortaça 1,51 gol). Or­ta­ça al­nan­da-da, gö­nü­mel al­nan­da-da, bu iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji ha­sap­lan­ýar. Tiz­li­gi bi­le­nem ta­pa­wut­lan­ýan Bi­san 2001-nji ýyl­da 88 ýa­şyn­da ara­dan çyk­ýar.