Ertir, has takygy, 25-nji martda Ýer şarynyň iň köp tomaşaçyly awtosport ýaryşlarynyň biri bolan Formula 1 Dünýä çempionatynyň täze möwsümine badalga berler. 1950-nji ýyldan bäri guralýan ýaryşyň bu ýyl 68-nji möwsümi geçiriler. 21 tapgyrdan ybarat Dünýä çempionaty 25-nji martda Awstraliýa “Gran Prisi” bilen başlap, 25-nji noýabrda-da Abu Dabi “Gran Prisi” bilen tamamlanar. Şu möwsümde 10 topar we adatça hersinden 2 sürüji ýaryşa goşular. Ulaglary bu ýyl hem meşhur “Pirelli” şereketi tekerler bilen üpjün eder.
TOPARLAR
Toparlar ýa-da konsktruktorlar barada aýdylanda, iň soňky çempionlygyny 2008-nji ýylda gazanan “MacLaren” (Beýik Britaniýa) topary “Honda” bilen şärikligini soňlandyryp, öňümizdäki 3 ýyl üçin “Renault”-yň hereketlendirijilerini ulanar. “MacLaren” topary köp ýyllaryň dowamynda “Mercedes” hem-de “Honda” şereketleriniň hereketlendirijileri bilen hereket edipdi. Italýanlaryň “Toro Rosso” topary bolsa, häzirlikçe şu möwsüm üçin “Honda” bilen şertnama baglaşdy. “Toro Rosso” köp ýyllap “Ferrariniň”, 2014–2015-nji ýyllarda-da “Renault”-yň motorlaryny ulanypdy.
SÜRÜJILER
Sürüjilerde geçen ýylkydan kän bir üýtgeşiklik ýok diýen ýaly. “Williams” toparynda F1 karýerasyny tamamlan braziliýaly Felipe Massanyň ornuna russiýaly Sergeý Sirotkin çykyş eder. Şeýle-de “Toro Rosso” toparynyň adyndan 2016-njy ýylda GP2 Seriýa ýaryşlarynda çempion bolan fransiýaly Pier Gasli bilen 2 gezek Berdaşlylyk bäsleşikleriniň ýeňijisi, Täze zelandiýaly Brendon Hartli wekilçilik eder. Gasli bilen Hartli geçen möwsümde-de Karlos Saýns kiçisi bilen Daniýl Kwýatyň orunlaryna soňky ýaryşlara gatnaşypdy. “Sauber” topary-da germaniýaly sürüjisi Paskal Werleýni monakoly Şarl Lekler bilen çalyşdy. Geçen ýyl Formula 2-de çempion bolan 20 ýaşly Lekler ilkinji gezek F1-de bäsleşer.
“GRAN PRILER”
Fransiýa “Gran Prisi” 2008-nji ýyldan soň, ilkinji gezek sanawa alyndy. Bir ýyllyk arakesmeden soň, Germaniýa “Gran Prisi” hem täzeden senenama girizildi. Malaýziýa “Gran Prisi” bolsa, taraplaryň ylalaşygy netijesinde sanawdan çykaryldy. Mälim bolşy ýaly, 1999-njy ýyldan bäri Malaýziýada F1 ýaryşlary geçirilip gelinýärdi. Şeýle-de maý aýynda guralýan Russiýa “Gran Prisi” hem sentýabr aýyna geçirildi.
TARYHY BARADA GYSGAÇA
Formula 1 ýaryşy ilkinji gezek 1950-nji ýylda guralyp, şonda “Alfa Romeo” toparyndan italiýaly Giseppe Farina ýeňiji bolýar. Yzly-yzyna 2 çempionlyk gazanan ilkinji sürüji-de italiýaly Alberto Askari bolup, “Ferrariniň” sürüjisi 1952–1953-nji ýyllarda 1-nji ýeri eýeleýär. 1951-nji ýylda çempionlyk gazanan argentinaly Huan Manuel Fanjio 1954–1957-nji ýyllarda yzly-yzyna 4, jemi 5 gezek çempion diýen ada mynasyp bolýar. Formula 1-de iň köp çempionlygy germaniýaly Mihael Şumaher gazanýar. Ol 7 gezek bu ada eýe bolýar. Huan Manuel Fanjio 5, Alan Frost, Sebastian Wettel, Lewis Hamilton dagy-da 4 gezek möwsümi ýeňiş bilen tamamlaýar. F1-de iň köp Beýik britaniýaly pilotlar ýeňiji bolup, 10 britan sürüjisi jemi 17 gezek çempionlyk gazanýar. Germaniýaly 3 sürüji-de 12 gezek ýeňiji bolýar.
Toparlaryň arasynda çempionlyk ýaryşy 1958-nji ýyldan bäri hasaba alnyp, soňky sapar 2008-nji ýylda çempion bolan “Ferrari” bu ugurda 1-nji hatarda barýar. Italýan topary 16 gezek ýeňiş gazandy. “Williams” 9, “MacLaren” 8, “Lotus” 7, “Red Bull” bilen “Mercedes” 4, “Cooper”, “Brabham”, “Renault” 2, “Vanwall”, BRM, “Matra”, “Tyrell”, “Benetton” hem-de “Brawn” 1 gezek çempion boldy.
Täze möwsümde haýsy sürüjileriň öňe saýlanjakdygyny eýýämden anyk aýtmak kyn. Ýöne geçen ýylyň çempiony Lewis Hamiltonyň, germaniýaly Sebastian Wetteliň, synag ýaryşlarynda ýokary netije görkezen tejribeli Kimi Raikkoneniň, şeýle-de Waltteri Bottasyň atlary garşydaşlaryna garanyňda, bir ädim öňde diýip aýtsa bolar.