2019-njy ýyl­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­de ge­çi­ril­jek fut­bol bo­ýun­ça 17-nji Azi­ýa Ku­bo­gyn­da çy­kyş et­jek ýy­gyn­dy­la­ryň hem­me­si bel­li bol­dy. 3-nji tap­gy­ryň to­par­ça­la­ryn­da­ky soň­ky du­şu­şyk­lar­dan soň, ozal bel­li bo­lan 20 to­pa­ryň ha­ta­ry­na ýe­ne-de 4-si go­şul­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy-da to­par­ça­da­ky 5-nji du­şu­şyk­lar­dan soň, ta­ry­hyn­da 2-nji ge­zek Azi­ýa Ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­za­nyp­dy. Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy 6-njy du­şu­şy­gyn­da myh­man­çy­lyk­da Bah­reýn bi­len du­şuş­dy. Oýun 4–0 ha­sa­byn­da ýer eýe­le­ri­niň peý­da­sy­na ta­mam­lan­dy. To­par­ça­da­ky 2-nji ýeň­li­şi­ni alan il­deş­le­ri­miz baş­da-da bel­leý­şi­miz ýa­ly, bu oý­na çenli 10 utuk top­lap, Azi­ýa Ku­bo­gy­nyň fi­nal tap­gy­ry­na gat­naş­ma­ga hu­kuk ga­za­nyp­dy.

3 to­par il­kin­ji ge­zek gat­naş­ýar
6-njy oýun­lar­dan soň, go­şu­lan 4 ýy­gyn­dy­nyň 3-si il­kin­ji ge­zek bu ar­zy­ly ýa­ry­şa ýol­lan­ma alan to­par­lar­dyr. Ýag­ny Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň, Fi­lip­pin­le­riň hem-de Ýe­me­niň mil­li to­par­la­ry il­kin­ji sa­par Azi­ýa Ku­bo­gyn­da çy­kyş eder­ler. “A” to­par­ça­da­ky oýun­lar­da 10 utuk­ly Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň ýy­gyn­dy­sy 13 utuk top­lan Hin­dis­ta­nyň ýy­gyn­dy­syny 2–1 ha­sa­byn­da utup (1-nji du­şu­şyk­da hin­di­ler 1–0 ýe­ňip­di), ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek yk­ly­myň iň uly fut­bol ýa­ry­şy­nyň we­ki­li bol­dy. 5-nji oýun­lar­dan soň, “F” to­par­ça­syn­dan gat­naş­jak 2 to­pa­ram bel­li däl­di. Bu ugur­da 9 utuk­ly Fi­lip­pin­ler, 7 utuk­ly Tä­ji­gis­tan bi­len Ýe­me­niň ýy­gyn­dy­la­ry gö­reş­ýär­di. Ne­ti­je­de, 6-njy oýun­lar­dan soň, Fi­lip­pin­ler bi­len Ýe­me­niň ýy­gyn­dy­sy çem­pio­na­tyň deb­ýu­tant­la­ry bol­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­lar­da Ýe­men öz meý­dan­ça­syn­da Ne­pal­dan 2–1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Arap­la­ra ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ryň iki­si­ni-de 24-nji mi­nut­da hem-de pe­nal­ti­den 84-nji mi­nutda Ab­dul­wa­sea Al-Ma­ta­ri der­we­zä gi­riz­di. Beý­le­ki oýun­da-da Fi­lip­pin­ler iň soň­ky mi­nut­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Olar öz meý­dan­ça­syn­da çem­pio­na­ta gat­naş­ma­ga ym­tyl­ýan Tä­ji­gis­tan bi­len du­şuş­dy. 64-nji mi­nut­da pe­nal­ti­den Ah­tam Na­za­row myh­man­la­ry öňe saý­la­dy. 74-nji mi­nut­da Ke­win Ing­re­so ha­sa­by deň­le­di. Oý­nuň 90+1-nji mi­nu­tyn­da-da Fil Ýang­haz­band bel­le­nen pe­nal­ti­ni dürs ýe­ri­ne ýe­ti­rip, to­pa­ry­ny çem­pio­na­ta çy­ka­ran oýun­çy bol­dy. Soň­ky tap­gyr­da ýol­lan­ma alan De­mir­ga­zyk Ko­re­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy-da “B” to­par­ça­da 6-njy oý­nun­da Gon­kong­dan 2–0 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp, 5-nji ýo­la bu ýa­ry­şa gatnaşmaga hukuk gazandy.