Il­kin­ji ge­zek 24 ýy­gyn­dy­nyň gat­naş­jak çem­pio­na­ty­nyň to­par­ça­la­ry­nyň bi­je­le­ri 4-nji maý­da BAE-niň Du­baý şä­he­rin­dä­ki “Ope­ra Du­bai” bi­na­syn­da çe­ki­ler. Ýer eýe­le­ri “A” to­par­ça dü­şer. Ga­lan 23 ýy­gyn­dy bol­sa, ap­rel aýy­nyň FI­FA reý­tin­gi­ne gö­rä, 4 tor­ba bö­lü­ner. Soň­ra-da şol tor­ba la­ýyk­lyk­da, to­par­lar 6 to­par­ça paý­la­nar. 17-nji Azi­ýa Ku­bo­gy­nyň du­şu­şyk­la­ry 1996-njy ýyl­dan soň, ikin­ji ge­zek çem­pio­na­ty özün­de ka­bul ed­ýän BAE-niň 4 şä­he­rin­dä­ki 8 sta­di­on­da oý­na­lar. Ýag­ny du­şu­şyk­lar Abu Da­bi­dä­ki “Za­ýed Sports Si­ti”, “Al Ja­zi­ra” hem-de Al Na­hý­an, Du­baý­da­ky Mak­tum Bin Ra­şid Al Mak­tum, Al-Mak­tum, Al Ain­dä­ki Haz­za Bin Za­ýed, Ha­li­fa Bin Za­ýed hem-de Şar­ja­da­ky “Şar­ja” sta­di­on­la­ryn­da ge­çi­ri­ler. Çem­pio­nat 2019-njy ýy­lyň 5-nji ýan­wa­ryn­da baş­lap, 1-nji few­ra­lyn­da-da ta­mam­la­nar.