Fut­bol bo­ýun­ça Rus­si­ýa­da ge­çi­ril­jek XXI Dün­ýä Ku­bo­gy go­laý­lap gel­ýär. Iň soň­ky sa­par geçen ýylyň no­ýabr aýyn­da du­şu­şyk ge­çi­ren mil­li to­par­lar mart aýy­nyň soň­ky gün­le­rin­de 2–3 ýol­daş­lyk du­şu­şy­gy­ny oý­na­dy­lar. Çem­pio­na­tyň öňü­sy­ra­syn­da tä­lim­çi­le­riň pi­ki­ri­ni jem­le­mek üçin uly sy­nag bo­lan bu ýol­daş­lyk du­şu­şyk­la­ry diý­seň gy­zyk­ly ýag­daý­da geç­di. Aý­ra­ty­nam, şu ge­zek­ki oýun­lar ada­ty ýol­daş­lyk du­şu­şyk­la­ryn­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da dart­gyn­ly hem-de çe­ke­le­şik­li bol­dy. Du­şu­şyk­lar­da ga­ra­şyl­ma­dyk ne­ti­je­ler ha­sa­ba alyn­dy. To­par­lar in­di­ki du­şu­şyk­la­ry­ny-da ma­ýyň ahy­ryn­da, iýu­nyň ba­şyn­da oý­nar­lar.

To­par­la­ryň 2-nji du­şu­şyk­la­ryn­da-da Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Mad­rid­dä­ki “Met­ro­po­li­ta­na” sta­dio­nyn­da Mes­si­siz Ar­gen­ti­na bi­len du­şuş­dy. Şi­ke­si se­bäp­li du­şu­şy­ga tri­bu­na­dan to­ma­şa eden Mes­si­niň ýol­daş­la­ry Ispaniýadan uly ha­sap bi­len utuldy (6–1). Is­ko­nyň het-trik (27, 52, 74) eden oý­nun­da is­pan­la­ryň beý­le­ki gol­la­ry­ny Die­go Kos­ta (12), Alkantara (55) hem-de Iago As­pas (73) ge­çir­di. Ar­gen­ti­na­nyň adyn­da­nam Ota­men­di (39) ta­pa­wut­lan­dy. Bu Ar­gen­ti­na­nyň ta­ry­hyn­da­ky 5-nji uly ha­sap­ly ýeň­lişi bo­lup, tan­go­çy­lar ozal, 1958 – Dün­ýä Ku­bo­gyn­da Çe­hos­lo­wa­ki­ýa­dan 6–1, 1959–Ko­pa Ame­ri­ka­da Urug­waý­dan we 1993-nji ýyl­da Dün­ýä Ku­bo­gy saý­la­ma tap­gy­ryn­da Ko­lum­bi­ýa­dan 5–0, 2009-njy ýyl­da-da Dün­ýä Ku­bo­gy saý­la­ma oýun­la­ryn­da Bo­li­wi­ýa­dan 6–1 ýeň­lip­di. Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy-da ýe­ňil­me­zek­li­gi­ni 18 du­şu­şy­ga ýe­tir­di. Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy-da Ber­lin­de Bra­zi­li­ýa bi­len du­şuş­dy. Mun­dan 4 ýyl ozal Dün­ýä Ku­bo­gyn­da 7–1 ha­sa­byn­da ýeň­len Bra­zi­li­ýa bu ge­zek Gab­ri­el Že­su­syň 37-nji mi­nut­da­ky go­ly bi­len ýe­ňiş ga­za­nyp, şol ta­ry­hy ýeň­li­şiniň ki­çi­rä­gem bol­sa, ary­ny al­dy. Şol birwagtyň özünde-de braziller Germaniýanyň öz rekordyny gaýtalamagyna ygtyýar bermedi. Ýagny 23 oýun­dan soň, il­kin­ji ge­zek ýeň­li­şe se­ze­war bo­lan Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy bu ugur­da öz re­kord­la­ry­ny gaý­ta­la­ma­gyň bo­sa­ga­syn­dan gaýt­dy­lar. Por­tu­ga­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy öz meý­dan­ça­syn­da Ni­der­land­lar­dan 3–0 ha­sa­byn­da utu­ldy (De­paý 11, Ba­bel 32, Wan Diýk 45). Güýç­li ýyl­dyz­la­ry bi­len çem­pi­on­ly­gyň da­laş­gär­le­rin­den gör­ke­zil­ýän Fran­si­ýa Sankt-Pe­ter­burg­da Rus­si­ýa­ny Mbap­pe (40, 83) we Pog­ba­nyň (49) owa­dan gol­la­ry esa­syn­da 3–1 ýeň­di. “Wemb­li­de” Ang­li­ýa bi­len Ita­li­ýa güýç sy­na­ny­şyp, oýun 1–1 deň­lik­de ta­mam­lan­dy (War­dy 28 — In­sin­ýe 81 p). Şeý­le-de Bel­gi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň mil­li to­pa­ry­ny Lu­ka­ku (2), Bat­şua­ýi we De Bruý­ne­niň gol­la­ry bi­len 4–0 ha­sa­byn­da ut­dy.

Ýoldaşlyk duşuşyklarynyň netijeleri: Slo­wa­ki­ýa–BAE: 2–1, Hy­taý–Uels: 0–6, Ma­laý­zi­ýa–Mon­go­li­ýa: 2–2, Bah­reýn–Pa­les­ti­na: 0–0, Fa­rer ada­la­ry–Lat­wi­ýa: 1–1, Mal­ta–Lýuk­sem­burg: 0–1, Al­žir–Tan­za­ni­ýa: 4–1, Urug­waý–Çe­hi­ýa: 2–0, Da­ni­ýa–Pa­na­ma: 1–0, Ma­li–Ýa­po­ni­ýa: 1–1, Azer­baý­jan–Be­la­rus: 0–1, Kipr–Ga­ra­dag: 0–0, Ma­ke­do­ni­ýa–Finl­ýan­di­ýa: 0–0, Rus­si­ýa–Bra­zi­li­ýa: 0–3, Se­ne­gal–Öz­be­gis­tan: 1–1, Nor­we­gi­ýa–Awst­ra­li­ýa: 4–1, Bol­ga­ri­ýa–Bos­ni­ýa we Ger­se­go­wi­na: 0–1, Tür­ki­ýe–Ir­lan­di­ýa: 1–0, Gre­si­ýa–Şweý­sa­ri­ýa: 0–1, Weng­ri­ýa–Ga­za­gys­tan: 2–3, Tu­nis–Eý­ran: 1–0, Uk­rai­na–Sa­ud Ara­bys­ta­ny: 1–1, Ser­bi­ýa–Ma­rok­ko: 1–2, Awst­ri­ýa–Slo­we­ni­ýa: 3–0, Ger­ma­ni­ýa–Is­pa­ni­ýa: 1–1, Ita­li­ýa–Ar­gen­ti­na: 0–2, Ni­der­land­lar–Ang­li­ýa: 0–1, Pol­şa–Ni­ge­ri­ýa:0–1, Por­tu­ga­li­ýa–Mü­sür: 2–1, Şot­lan­di­ýa–Kos­ta Ri­ka: 0–1, Fran­si­ýa–Ko­lum­bi­ýa: 2–3, Pe­ru–Hor­wa­ti­ýa: 2–0, Mek­si­ka–Is­lan­di­ýa: 3–0, Ga­bon–BAE: 1–0, Tai­land–Slo­wa­ki­ýa: 2–3, Gib­ral­tar–Lat­wi­ýa: 1–0, Ku­weýt–Ka­me­run: 1–3, Fa­rer ada­la­ry–Lih­tenş­teýn: 3–0, Gru­zi­ýa–Lit­wa: 4–0, Ka­tar–Si­ri­ýa: 2–2, Şwe­si­ýa–Çi­li: 1–2, Ys­ra­ýyl–Ru­my­ni­ýa: 1–2, To­go–Kot-d’Iwuar: 2–2, Ko­so­wo–Ma­da­gas­kar: 1–0, Hy­taý–Çe­hi­ýa: 1–4, Uels–Urug­waý: 0–1, Bol­ga­ri­ýa–Ga­za­gys­tan: 2–1, Finl­ýan­di­ýa–Mal­ta: 5–0, Al­ba­ni­ýa–Nor­we­gi­ýa: 0–1, Por­tu­ga­li­ýa–Ni­der­land­lar: 0–3, Yrak–Si­ri­ýa: 1–1, Uk­rai­na–Ýa­po­ni­ýa: 2–1, Ma­ke­do­ni­ýa–Azer­baý­jan: 1–1, Ko­so­wo–Bur­ki­no Fa­so: 2–0, Şweý­sa­ri­ýa–Pa­na­ma: 6–0, Ga­ra­dag–Tür­ki­ýe: 2–2, Da­ni­ýa–Çi­li: 0–0, Mü­sür–Gre­si­ýa: 0–1, Weng­ri­ýa–Şot­lan­di­ýa: 0–1, Kot-d’Iwuar–Mol­do­wa: 2–1, Tu­nis–Kos­ta Ri­ka: 1–0, Bos­ni­ýa we Ger­se­go­wi­na–Se­ne­gal: 0–0, Slo­we­ni­ýa–Be­la­rus: 0–2, Lýuk­sem­burg–Awst­ri­ýa: 0–4, Ru­my­ni­ýa–Şwe­si­ýa: 1–0, Bel­gi­ýa–Sa­ud Ara­bys­ta­ny: 4–0, Pol­şa–Gü­nor­ta Ko­re­ýa: 3–2, Ger­ma­ni­ýa–Bra­zi­li­ýa: 0–1, Awst­ra­li­ýa–Ko­lum­bi­ýa: 0–0, Ang­li­ýa–Ita­li­ýa: 1–1, Ma­rok­ko–Öz­be­gis­tan: 2–0, Ni­ge­ri­ýa–Ser­bi­ýa: 0–2, Is­pa­ni­ýa–Ar­gen­ti­na: 6–1, ABŞ–Pa­rag­waý: 1–0, Pe­ru–Is­lan­di­ýa: 1–0, Mek­si­ka–Hor­wa­ti­ýa: 0–1.