Formula 1 boýunça täze 69-njy möwsümiň ilkinji bäsleşigi Awstraliýanyň Melburn şäherindäki Albert Park seýilgähiniň çäklerindäki “Melburn Gran Prix Circuit” trassasynda geçirildi. Ýaryşa soňky çempion, “Mercedes” toparynyň britan sürüjisi Lewis Hamilton ilkinji hatardan başlady. Başlangyçda Hamilton, Raikkonen hem-de Wettel üçüsem öňdäki orunlaryny saklamagy başardy. Hamilton bilen Raikkonen ilkinji bolup pit-stop etdiler. Wettel bolsa olara garanyňda, abatlaýyş nokadyna gijräk bardy. 28-nji aýlawda “Haas” toparynyň 2 sürüjisi hem ulaglarynda dörän näsazlyk sebäpli ýaryşdan çykmaly boldular. Şol pursatda sary baýdak göterilip, hyýaly howpsuzlyk ulagy düzgüni herekete geçirildi. Bu ýagdaýdan peýdalanmagy başaran Wettel hem tekerlerini çalşyp, 1-nji orunda-da ýaryşa dolanmagyň hötdesinden geldi. Netijede, 31-nji aýlawdan soň, ýaryş ýokary depginde dowam etdi we Wettel galan 27 aýlawda öňüne hiç kimi geçirmedi. 58 aýlawy 1 sagat 29 minut 33,283 sekuntda tamamlan Sebastian Wettel Melburndaky 3-nji, karýerasyndaky 48-nji ýeňşini baýram etdi. Bu onuň 200-nji bäsleşigi bolup, ol 100-nji gezek münbere çykdy. “Ferrariniň” nemes sürüjisi bu görkezijilere ýeten 4-nji F1 piloty bolup, ondan öň Alan Frost, Mihael Şumaher hem-de Lewis Hamilton 200-den köp ýaryş geçirip, 100-den gowragam münbere çykypdy. Wettelden 5 sekunt soň, pellehana ýeten Lewis Hamilton 2-nji, “Ferrariniň” başga bir sürüjisi, finlýandiýaly Kimi Raikkonen 3-nji ýeri eýeledi. Britaniýaly Hamiltonyň Melburndaky ýaryşlarda yzly-yzyna 3-nji gezek ilkinji hatardan başlabam üçüsinde-de 2-nji orny eýelemegi aýratyn bellärliklidir. “Red Bull” toparyndan Daniel Rikkiardo 4-nji, “McLaren”-iň ispan piloty Fernando Alonso 5-nji ýeri eýeledi. Möwsümiň 2-nji “Gran Prisi” 8-nji aprelde Bahreýnde geçiriler.