Iki hep­de­lik ara­kes­me­den soň, Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy çem­pio­nat­la­ryn­da no­bat­da tap­gy­ryň du­şu­şyk­la­ry şu gün hem-de er­tir ge­çi­ri­ler. Ger­ma­ni­ýa­nyň “Bun­des­li­ga­syn­da” “Ba­wa­ri­ýa” öz meý­dan­ça­syn­da Dort­mun­dyň “Bo­rus­si­ýa­sy­ny” ka­bul eder. Eger-de bu tap­gyr­da “Ba­wa­ri­ýa” ýe­ňiş ga­zan­sa, 2-nji ha­tar­da­ky “Şal­ke” to­pa­ry-da “Fraý­burg” bi­len bol­jak oýun­da utuk ýi­tir­se, on­da mün­hen­li­ler bas­syr 6-njy, umumylykda-da 28-nji çempionlygyny yglan eder. Ita­li­ýa­da bol­sa, “Ýu­wen­tus” bi­len “Mi­lan” du­şu­şar. Fran­si­ýa­da-da PSŽ bi­len “Mo­na­ko” möw­sü­miň il­kin­ji ku­bo­gy ug­run­da, has ta­ky­gy Li­ga ku­bo­gy­nyň fi­na­lyn­da öza­ra güýç sy­na­ny­şar­lar. Ang­li­ýa­da-da Lon­don der­bi­sin­de “Çel­si”–“Tot­ten­hem” du­şu­şy­gyň çe­ke­le­şik­li bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Şeý­le-de tä­ze hep­dä­niň 3-nji gü­nün­de “Se­rie A-da” gal­dy­ry­lan 27-nji tap­gy­ryň çäk­le­rin­de Mi­lan der­bi­si – “Der­by del­la Ma­don­ni­na” oý­na­lar (“Mi­lan”–“In­ter”).
Şeýle-de sişenbe, çarşenbe we penşenbe günleri UEFA Çempionlar hem-de Ýewropa ligalarynda çärýek finalyň 1-nji oýunlary oýnalar.