Re­žiss­ýo­ry: Sti­wen S. De­Naýt
Keşp­ler­de: Jon Bo­ýe­ga, Skott Ist­wud, Ti­an Szin, Keý­li Spaý­ni, Rin­ko Ki­ku­ti, Börn Gor­man, Ad­ri­ýa Ar­ho­na, Çžan Szin, Çar­li Deý
Prod­ýu­ser­le­ri: Jon Bo­ýe­ga, Keýl Boý­ter, Gil­ler­mo del To­ro, Jon Jaş­ni, Fe­mi Oguns, Me­ri Pe­rent, To­mas Tull
Sse­na­ri­çi­le­ri: Emi­li Kar­maýkl, Ki­ra Snaý­der, Sti­wen S. De­Naýt, T.S. Now­lin
Kom­po­zi­to­ry: Lorn Belf
Ön­dü­ri­ji: “Le­gen­da­ry Pictu­res”
Paý­laý­jy: “Univer­sal Pictu­res”
Do­wam­ly­ly­gy: 111 mi­nut
Gör­nü­şi: yl­my-fan­tas­tik
Ýur­dy: ABŞ
Di­li: iň­lis­çe
Býu­je­ti: 150 mil­li­on $

Il­kin­ji­si 2013-nji ýyl­da peý­da bo­lan “Ýu­waş um­man ser­he­di” fil­mi­niň 2-nji­si ek­ran­la­ra çyk­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, şol filmi go­laý­da Os­kar baý­ra­gy­ny ga­za­nan mek­si­ka­ly re­žiss­ýor Gil­ler­mo Del To­ro su­ra­ta dü­şü­rip­di. Täze filmde Del To­ro­ prod­ýu­ser hök­mün­de çy­kyş edip, bu gezek ka­me­ra­nyň ar­ka­sy­na Sti­wen S. De­Naýt geç­di. Bu onuň il­kin­ji re­žiss­ýor­lyk işi bo­lup, yl­my-fan­tas­tik gör­nüş­li ki­no­da Jon Bo­ýe­ga, Skott Ist­wud, Ti­an Szin, Keý­li Spaý­ni, Rin­ko Ki­ku­ti, Börn Gor­man, Ad­ri­ýa Ar­ho­na, Çžan Szin, Çar­li Deý da­gy su­ra­ta düş­di. Awst­ra­li­ýa we Hy­taý­da ek­ran­laş­dy­ry­lan ki­no­nyň sse­na­ri­si­ni 4 adam ýaz­dy. 111 mi­nut­lap do­wam ed­ýän fil­miň býu­je­ti 150 mil­li­on dol­lar tö­we­re­gi diý­lip ha­bar be­ril­di. Ge­çen hep­dä­niň an­na gü­nün­den bä­ri gör­ke­zi­lip ge­lin­ýän ki­no pro­kat­lar­dan 160 mil­li­on dol­la­ra go­laý kas­sa ýy­gy­my­ny top­la­dy. Mun­dan 5 ýyl ozal­ky 1-nji film 190 mil­li­on dol­la­ra su­ra­ta dü­şü­ri­lip­di we 411 mil­li­on dol­lar ga­zanç edip­di.
Bi­rin­ji film­de bo­lup ge­çen ha­dy­sa­lar­dan soň, 10 ýyl geç­ýär. Jae­ger pi­lot­lyk oku­wy­na gat­nap ýö­ren Jeýk ka­ka­sy­nyň ara­dan çyk­ma­gyn­dan soň, ol oku­wy­ny taş­la­ýar. La­py­keç hal­da baş­ga-baş­ga iş­le­re baş go­şup ug­ra­ýar. Gün­le­riň bi­rin­de uýa­sy Ma­ko Mo­ri ony ýe­ne-de öň­ki ýa­ly pi­lot­ly­ga ça­gyr­ýar. Tä­ze ýaş pi­lot­la­ra ýol­baş­çy­lyk ed­ýän Ma­ko do­ga­nyn­dan dün­ýä­ni howp as­tyn­da go­ýan duş­man­dan go­ra­ma­gy ha­ýyş ed­ýär. Jeýk bol­sa ukyp­ly pi­lot Lam­bert hem-de 15 ýaş­ly Jae­ger­le­riň ök­de ha­ke­ri Ama­ra da­gy bi­len öz güý­jü­ni bir­leş­di­rip, duş­ma­nyň gar­şy­sy­na gö­reş alyp bar­ýar…