Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 25-nji martynda ýurdumyzyň syýasy durmuşynda möhüm çäreleriň biri boldy. Türkmen demokratiýasynyň dabaralanmagyny alamatlandyrýan syýasy waka – Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda saýlawlaryň jemlerine bagyşlanan mejlis boldy. Onda Mejlisiň VI çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap, halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň ählihalk saýlawlarynyň gutarnykly jemi jemlenildi.
Mejlisde bellenilişi ýaly, bu gezekki saýlawlar bäsdeşlik, açyklyk we aýanlyk şertlerinde geçip, ol Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoluna hem-de hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik özgertmeler ugruna ygrarlydygynyň tassyknamasyna öwrüldi.
Saýlaw okruglarynyň çäginde ýerleşýän 2 müň 604 saýlaw uçastogynda ses bermek çäresi amala aşyryldy. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň ses bermekleri guramaçylykly geçirildi. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda we konsullyk edaralarynda saýlaw uçastoklarynyň 39-sy açylyp, olarda şu döwürde ýurdumyzyň çäginden daşarda bolýan watandaşlarymyzyň müňlerçesi öz seslerini berdiler.
Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, Mejlisiň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna bolan saýlawlarda 3 million 291 müň 525 saýlawçydan 3 million 19 müň 957-si öz seslerini berdiler. Munuň özi Türkmenistanyň ses bermäge hukugy bolan raýatlarynyň 91,75 göterimidir.
Şol günki mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, onuň dowamynda saýlawlaryň gutarnykly netijeleri yglan edildi. Welaýatlaryň we paýtagtymyzyň saýlaw toparlarynyň teswirnamalarynyň jemleýji maglumatlaryna laýyklykda, tutuş ýurdumyz boýunça 284 dalaşgärden Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlygyna 125 deputat saýlandy. 3 müň 59 dalaşgärden welaýatlaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna 240-sy we etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 1200 raýat saýlanyldy. Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň 13 müň 215-sinden 5 müň 900 agza saýlandy. Ähli saýlaw uçastoklarynda bir orna iki we ondan-da köp raýat dalaş etdi.
Deputatlaryň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna Demokratik partiýadan 3257, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 352, Agrar partiýadan 1358, raýatlar toparyndan bolsa 2498 adam saýlanyldy.
Şeýle hem Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda milli parlamentiň saýlanan deputatlaryna şahadatnamalar gowşuryldy. Şu pursatdan başlap, olar ýurdumyzyň ýokary kanun çykaryjy edarasynda halkyň doly hukukly wekilleridir. Ýakyn günlerde degişli saýlaw toparlarynda halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň saýlanan agzalaryna şahadatnamalar gowşurylar.
Halkyň saýlan wekilleriniň köpüsiniň ýaşynyň 30-dan 50-ä çenlidigini bellemek ýakymlydyr, munuň özi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna täze nesliň goşulýandygynyň aýdyň mysalydyr. Deputatlar düzümine 31 zenan girýär, bu deputatlaryň umumy sanynyň 25 göterimidir. Bu görkeziji hem türkmen jemgyýetiniň durmuşynda aýal-gyzlaryň ornunyň barha pugtalanýandygynyň subutnamasydyr.