Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tas­syk­lan möh­le­ti­ne la­ýyk­lyk­da, Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň eke­ran­çy­la­ry go­wa­ça eki­şi­ne gi­riş­di­ler. Mä­lim bol­şy ýa­ly, top­rak-ho­wa şert­le­ri­ne gö­rä, bu we­la­ýat­da ýaz eki­şi ýur­du­my­zyň beý­le­ki se­bit­le­ri­ne ga­ra­nyň­da, bir­ne­me gij­räk ba­dal­ga al­ýar.
Asyl­ly dä­be gö­rä, ekiş hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ryň ýag­şy do­ga­ýy di­leg­le­ri bi­len baş­lan­dy. Olar Be­ýik Bi­ri­bar­dan Wa­ta­ny­my­zyň we türk­men hal­ky­nyň aba­dan­çy­ly­gy­ny we gül­läp ösü­şi­ni, mil­li Li­de­ri­mi­ziň alyp bar­ýan giň möç­ber­li iş­le­ri­niň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni di­leg edip, top­ra­ga go­wa­ça­nyň il­kin­ji to­hum­la­ry­ny at­dy­lar.

Soň­ra me­ha­ni­za­tor­lar işe gi­riş­di. De­mir­ga­zyk se­bit­de 140 müň gek­tar meý­da­na go­wa­ça eki­ler. Şu ýyl we­la­ýat­da 230 müň ton­na “ak al­ty­ny” ýyg­na­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Da­şo­guz­ly eke­ran­çy­lar go­wa­ça­nyň “Da­şo­guz-120”, “Ser­dar”, “S-4727”, “Jeý­hun”, “149 F” we beý­le­ki or­ta sü­ýüm­li gör­nüş­le­ri­ni ek­ýär­ler. Hä­zir­ki za­man oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry – dür­li ky­sym­ly trak­tor­lar, eki­ji­ler bi­len ge­çi­ril­ýän ta­kyk, bök­denç­siz meý­dan iş­le­ri ne­ti­je­sin­de “ak al­ty­nyň” gel­jek­ki bol ha­sy­ly­nyň yg­ty­bar­ly düý­bi tu­tu­lar.
Ýaz­ky ekiş möw­sü­mi­niň ba­şyn­da Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gin­de mas­la­hat bol­dy. Ýyg­na­nan­lar eki­şi gys­ga möh­let­ler­de ge­çir­mek, de­giş­li ag­ro­teh­ni­ki çä­re­le­ri ýo­ka­ry hil­de ýe­ri­ne ýe­tir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri­ni bi­rin-bi­rin ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.
Eki­şiň baş­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ryň çäk­le­rin­de oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­sy­nyň we de­mir­ga­zyk se­bi­tiň oba­se­na­gat top­lu­my­nyň önüm­le­ri­niň ser­gi­si gu­ral­dy. 2018-nji ýy­lyň “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” di­ýen şy­ga­ry­na ba­gyş­la­nan me­de­ni mak­sat­na­ma aý­dym-saz, tans, halk dö­re­di­ji­li­gi to­par­la­ry­nyň kon­sert­le­ri­ni, şeý­le hem “Kö­ne­ür­genç” döw­let ta­ry­hy-me­de­ni go­rag­ha­na­sy­na sy­ýa­hat edil­me­gi­ni öz içi­ne al­dy.

Altyn USSAÝEWA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň uly mu­gal­ly­my.