Milli Liderimiziň baştutanlygynda ähli ugurlar bilen bir hatarda, medeniýet ulgamy hem döwrebap derejede ösdürilýär. Milli medeniýetimizi, mirasymyzy we däp-dessurlarymyzy wasp etmek hem-de olary açyp görkezmek ugrunda köp işler amal edilýär. Türkmen halky öz milli baýramçylyklaryny uludan tutýar.
Öňümizdäki aprel aýynda-da uly baýramçylyk çäreleri bize garaşýar. “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynyň çäklerinde Bütindünýä saglyk gününi hem-de Türkmen bedewiniň baýramyny uludan tutmaga taýýarlyk görülýär.
Bu baýramçylyklar mynasybetli muzeýlerde, kitaphanalarda, ýokary okuw mekdeplerinde, orta we ýörite okuw mekdeplerinde, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda, Döwlet sirkinde, kinokonsert merkezlerinde döredijilik duşuşyklary, bäsleşikler, ylmy-amaly maslahatlar, sahnalaşdyrylan çykyşlar, sergiler hem-de konsertler geçiriler, muzeýlere we ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerine gezelençler guralar.
Bütindünýä saglyk güni köp sanly sport hem-de medeni-dynç alyş çärelerine beslener. “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly IX milli oýunlaryň hem-de uniwersiadanyň çäklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary, saglyk ýoluna ýörişleri, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça welosipedli ýörişleri we ylgaw ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Baýramçylyk güni – 7-nji aprelde welaýatlarda we Aşgabat şäherinde dürli dabaralar hem-de köpçülikleýin welosipedli ýöriş guralar.
Aprel aýynyň halkara çäreleriniň hatarynda türkmen we nemes sazandalarynyň bilelikdäki konserti hem-de “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahat we festiwal bar.
Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanyp, iri möçberli çäreler bellenildi. Bu sene mynasybetli 25-29-njy aprel aralygynda atly ýöriş, Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça ýaryşy, “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem-de ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çeper beýan etmek boýunça yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçiriler. Baýramçylyk günlerinde paýtagtymyzda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda ýaryşlar, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisi, her ýyl geçirilýän halkara sergi-ýarmarkasy hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly X halkara ylmy maslahaty, medeniýet hem-de sungat işgärleriniň çykyşlary we at çapyşyklary bolar.