Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary özüniň täze döwrüne gadam basdy. Muňa köp asyrlaryň
dowamynda türkmen halkynyň duldegşir goňşusy bolan eýran halkynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň ýurdumyza amala aşyran resmi sapary aýdyň şaýatlyk edýär. Eýranyň Prezidentiniň şu ýylyň 27-28-nji martynda ýurdumyza amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ygtybarly binýadyny has-da mäkämleşdirdi.

Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ha­san Ru­ha­ni sa­pa­ry­nyň bi­rin­ji gü­ni paý­tag­ty­my­zyň mer­ke­zin­de ýer­leş­ýän Ga­raş­syz­lyk meý­da­nyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­timiz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan mä­hir­li gar­şy­lan­dy. Bu ýer­de mer­te­be­li myh­ma­nyň res­mi gar­şy­la­nyş da­ba­ra­sy bol­dy.
Soň­ra iki ýur­duň Li­der­le­ri Ru­hy­ýet köş­gü­ne ba­ryp, iki­çäk gör­nüş­de ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gep­le­şik­le­ri ge­çir­di­ler. Mil­li Li­de­ri­miz bu du­şu­şy­gyň ne­ti­je­li türk­men-eý­ran hyz­mat­daş­ly­gy­ny has-da gi­ňelt­mä­ge kuw­wat­ly iter­gi ber­jek­di­gi­ne ynam bil­di­rip, iki ýur­duň ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň hem-de dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de bi­rek-bi­re­ge öza­ra gol­daw be­rip, iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de hyz­mat­daş­ly­gy üs­tün­lik­li ös­dür­ýän­dik­le­ri­ni bel­le­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny türk­men-eý­ran hyz­mat­daş­ly­gy­ny äh­li ugur­lar bo­ýun­ça – yk­dy­sa­dy­ýet­de we söw­da­da, yn­san­per­wer ul­gam­da, şol san­da bi­lim, ylym hem-de me­de­ni­ýet, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry bo­ýun­ça yzy­gi­der­li ös­dür­mek üçin uly kuw­wa­tyň bar­dy­gy­ny nyg­tap, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne goş­ýan şah­sy go­şan­dy üçin be­lent mer­te­be­li myh­ma­na tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­di.
Pre­zi­dent Ha­san Ru­ha­ni Türk­me­nis­ta­na res­mi sa­par bi­len gel­mek ba­ra­da­ky ça­ky­lyk hem-de mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi üçin türk­men kär­de­şi­ne tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, Now­ruz baý­ra­my­nyň da­ba­ra­ly bel­le­nil­ýän gün­le­rin­de özü­niň Aş­ga­bat­da bol­ýan­dy­gy­na örän şat­dy­gy­ny bel­le­di. Pre­zi­dent Ha­san Ru­ha­ni Eý­ra­nyň Türk­me­nis­tan bi­len däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ra he­mi­şe yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­lap, hä­zir äh­li ugur­lar bo­ýun­ça türk­men-eý­ran gat­na­şyk­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­riň açyl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.
Gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da iki ýur­duň Li­der­le­ri türk­men-eý­ran hyz­mat­daş­ly­gy­nyň me­se­le­le­ri­niň giň top­lu­my­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar, ozal ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek hem-de gel­jek­ki me­ýil­ler ba­bat­da onuň esa­sy ugur­la­ry­ny anyk­laş­dyr­dy­lar.
Soň­ra gep­le­şik­ler gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de – iki ýur­duň res­mi we­ki­li­ýet­le­ri­niň ag­za­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da do­wam et­di. Gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de gep­le­şik­ler ta­mam­la­nan­dan soň, Türk­me­nis­ta­nyň we Eý­ra­nyň Pre­zi­dent­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy bol­dy. Iki ýur­duň ara­syn­da me­de­ni­ýet, sun­gat, ylym, bi­lim, söw­da, se­na­gat, güm­rük mag­lu­mat­la­ry­ny alyş­mak, türk­men-eý­ran işe­wür­ler ge­ňe­şi­ni dö­ret­mek, ser­ti­fi­kat­laş­dyr­mak, oba ho­ja­ly­gy, sport, ho­wa gat­naw­la­ry, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da köp san­ly yla­la­şyk­la­ra gol çe­kil­di.
Soň­ra iki ýur­duň döw­let Baş­tu­tan­la­ry köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ne ýüz­len­me bi­len çy­kyş et­di­ler.

MIL­LI LI­DE­RI­MIZ SA­PA­RYŇ
NE­TI­JE­LE­RI­NE ÝO­KA­RY BA­HA BER­DI
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gyň ne­ti­je­le­ri­ni tes­wir­läp, gep­le­şik­le­riň örän ne­ti­je­li bo­lan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Ola­ryň bar­şyn­da sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy we yn­san­per­wer ul­gam­lar­da hyz­mat­daş­lyk et­mek bo­ýun­ça mö­hüm yla­la­şyk­lar ga­za­nyl­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz EYR-nyň Pre­zi­den­ti­niň sa­pa­ry­nyň uzak gel­je­ge gö­nük­di­ri­len türk­men-eý­ran hyz­mat­daş­ly­gy­na uly iter­gi ber­len­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len nyg­ta­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ne ýüz­le­nip, öza­ra söw­da-ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri­niň 2017-nji ýyl­da ABŞ-nyň bir mil­liard dol­la­ryn­dan gow­rak bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Hä­zir­ki gün­de Türk­me­nis­tan­da Eý­ran kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň 150-den gow­ra­gy iş­le­ýär. Ener­ge­ti­ka hem-de ug­le­wo­do­rod çig ma­ly­ny gaý­ta­dan iş­le­mek ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da aý­dy­lan­da, ta­rap­lar bu ugur­da iş­le­şme­gi yla­laş­dy­lar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň nyg­taý­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan hem-de Eý­ran ge­og­ra­fik taý­dan amat­ly ýer­le­şip, şu­nuň bi­len bag­la­ny­şyk­ly bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri­ni öz halk­la­ry­nyň, şeý­le hem se­bi­tiň beý­le­ki ýurt­la­ry­nyň halk­la­ry­nyň bäh­bi­di­ne gö­nük­dir­me­gi mak­sat edin­ýär­ler.
Öz no­ba­tyn­da, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­ta­ny nu­ra­na Now­ruz baý­ra­my­na ga­bat ge­len du­şu­şy­gyň ne­ti­je­le­ri­ni be­ýan edip, onuň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ni nyg­ta­dy. Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da dür­li ul­gam­lar­da hyz­mat­daş­lyk et­me­giň me­se­le­le­ri­niň giň top­lu­my ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Döw­le­ta­ra we hö­kü­me­ta­ra ul­gam­la­ryn­da­ky hyz­mat­daş­lyk bi­len bag­la­ny­şyk­ly hem en­çe­me yla­la­şyk­lar ga­za­nyl­dy di­ýip, be­lent mer­te­be­li myh­man aýt­dy. Bi­ziň ýurt­la­ry­myz iki­ta­rap­la­ýyn ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri­ni art­dyr­mak üçin uly kuw­wa­ta, in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki hyz­mat­lar, elekt­roe­ner­gi­ýa­ny üs­ta­şyr iber­mek ul­ga­myn­da, se­na­gat pu­da­gyn­da, ma­ýa go­ýum iş­le­ri­ni iş­jeň­leş­dir­mek­de gat­na­şyk­lar üçin giň müm­kin­çi­lik­le­re eýe­dir.
Şeý­le hem Ma­ry bi­len Sa­rah­syň ara­syn­da tä­ze gat­naw ýo­lu­ny aç­mak ha­kyn­da çöz­gü­diň ka­bul edi­len­di­gi ha­bar be­ril­di. Ta­rap­lar eý­ran kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol gur­lu­şy­gy­na de­giş­li bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ra gat­naş­ma­gy ba­ra­da yla­laş­dy­lar. EYR-nyň Pre­zi­den­ti Ha­zar deň­zin­de hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da­ky me­se­lä de­gip ge­çip, bu ýer­de türk­men-eý­ran söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mä­ge uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şol gat­na­şyk­la­ry do­ly güý­jün­de peý­da­lan­mak ge­rek.
Yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy, şol san­da yl­my-bar­lag, me­de­ni, teh­no­lo­gik ul­gam­da hyz­mat­daş­lyk et­mek bo­ýun­ça ga­za­ny­lan mö­hüm yla­la­şyk­lar hem gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­le­ri bol­dy. Iki ýur­duň dost­luk­ly halk­la­ry üçin äh­mi­ýet­li me­de­ni wa­ka­la­ryň bi­ri Now­ruz baý­ra­my­dyr. Bu baý­ram bu ugur­da türk­men-eý­ran gat­na­şyk­la­ry­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Be­lent mer­te­be­li myh­ma­nyň bel­leý­şi ýa­ly, ta­rap­lar hal­ka­ra de­re­je­de ýa­kyn gat­na­şyk et­mä­ge, se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy üp­jün et­mek bo­ýun­ça umu­my ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge yg­rar­ly­dyr.

MER­TE­BE­LI MYH­MA­NYŇ
MA­RY WE­LA­ÝA­TY­NA SA­PA­RY
Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ha­san Ru­ha­ni Türk­me­nis­ta­na bo­lan res­mi sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de “Ga­dy­my Merw” Döw­let ta­ry­hy-me­de­ni go­rag­ha­na­sy­na ba­ryp gör­di. ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len ýa­dy­gär­lik­ler­den yba­rat bo­lan bu top­lum açyk as­ma­nyň as­tyn­da­ky ägirt uly mu­zeý, köp san­ly sy­ýa­hat­çy­la­ryň has ýy­gy-ýy­gy­dan gel­ýän meş­hur mer­kez­le­riň bi­ri, zy­ýa­rat edil­ýän kün­jek, şol birwag­tyň özün­de bol­sa, mil­li we dün­ýä ta­ry­hyn­da hem-de me­de­ni­ýe­tin­de yl­my-bar­lag­la­ry alyp bar­mak üçin öz­bo­luş­ly bar­lag­ha­na bo­lup dur­ýar.
“Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän şu ýyl­da mil­le­tiň umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup dur­ýan mil­li mi­ra­syň wa­gyz edil­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şun­luk­da, dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, goň­şy döw­let­ler bi­len ne­ti­je­li yl­my we me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy mö­hüm bo­lup dur­ýar.
Şeý­le hem Türk­me­nis­tan we Eý­ran üçin sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­myn­da tej­ri­be alyş­mak we bu ug­ry ös­dür­mek ug­run­da ägirt uly müm­kin­çi­lik açyl­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň we Eý­ra­nyň aja­ýyp ta­ry­hy-bi­na­gär­lik we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri di­ňe bir alym­la­ryň däl, eý­sem, dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­den sy­ýa­hat­çy­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär.
“Ga­dy­my Merw” Döw­let ta­ry­hy-me­de­ni go­rag­ha­na­syn­da bol­ma­gyň bar­şyn­da be­lent mer­te­be­li myh­man bir­nä­çe ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­re we bu kün­je­giň ta­ryh­da­ky ösü­şi­ni, bi­ziň halk­la­ry­my­zyň ga­dy­my gat­na­şyk­la­ry­ny ala­mat­lan­dyr­ýan mu­kad­des kün­jek­le­re ba­ryp gör­di.
Ta­ry­hy-me­de­ni go­rag­ha­na bi­len ta­nyş­ly­gy ta­mam­lap, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ma­ry şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne gel­di we Türk­me­nis­tan­dan ug­ra­dy. Şeý­le hem Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň Türk­me­nis­ta­na ama­la aşyr­ýan res­mi sa­pa­ry­na ga­bat­la­nan türk­men-eý­ran işe­wür­ler mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di.