Şu ýylyň 6-njy aprelinde Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi boldy. Minsk şäherindäki kaşaň “Prezident” myhmanhanasynda geçirilen GDA-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Duşuşygyň çäklerinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu duşuşyga Belarusyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleri, Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary, Moldowanyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi gatnaşdy.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlary häzirki zamanyň şertlerine laýyklykda, ynsanperwerlik ugry, şeýle hem, howpsuzlygy üpjün etmek boýunça özara gatnaşyklaryny giňeltmegi maksat edinýär. Hut şu meseleler 12 resminamanyň taslamasynda beýan edilip, olar boýunça kararlar 6-njy aprelde Minskde geçirilen Arkalaşyk döwletleriniň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky maslahatynyň gün tertibinde kabul edildi.
Maslahatda GDA-da 2021-nji ýyly binagärlik we şäher gurluşygy ýyly diýip, yglan etmek baradaky türkmen tarapynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy we makullandy. Bu resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça ýurduň DIM-inde işlenip düzüldi. Türkmen Lideri bu pikiri GDA döwletleriniň geçen ýyl Soçide geçirilen maslahatynda öňe sürüpdi hem-de onuň bu başlangyjy ähli gatnaşyjylar tarapyndan makullanypdy.
Ýaşlaryň özara gatnaşyklaryna gönükdirilen “GDA üçin ýüz pikir” atly halkara ýaşlar taslamasy, şeýle hem, döredijilikli ýaşlaryň arasynda kemala gelýän hem-de GDA döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüşi üçin amaly gymmatlylygy hödürleýän täzeçil pikirleri amala aşyrmaga ýardam bermek meseleleri hem Minsk duşuşygynyň esasy aýratynlyklarynyň biri boldy.
Mundan başga-da 2017-nji ýylda Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky köpugurly maslahatlaryň meýilnamalarynyň amala aşyrylyşynyň barşy hem-de 2018-nji ýyl üçin şeýle resminamalaryň taslamasy giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Geňeşlik daşary syýasy işlerinde täsirli gural hökmünde tanalýar we üstümizdäki ýylda BMG, ÝHHG we Ýewropa Bileleşigi ýurtlary hem-de beýleki täsirli halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Häzirki zamanyň wehimlerine garşy durmagyň usullaryny kämilleşdirmek maksady bilen DIM-iň ýolbaşçylary köpugurly resminamalaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu resminamalar toplumyna 2019-2023-nji ýyllar aralygynda jenaýata garşy göreşmek boýunça bilelikdäki çäreleriň döwletara maksatnamasy hem girýär.
GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşligi 1993-nji ýylda daşary syýasy ugry düzgünleşdirýän düzüm hökmünde döredildi. Geçen ýylyň oktýabrynda geňeşlik täze düzgünnama tassyklap, oňa laýyklykda, bu düzüm ynsanperwerlik ugrundaky hyzmatdaşlyk we özara gyzyklandyrýan beýleki meseleler boýunça esasy ýerine ýetiriji organ hasaplanýar. Geňeşlik öz ygtyýarlygynyň çäklerinde resminamalaryň taslamalaryna garaýar we olary döwlet ýolbaşçylarynyň we hökümet başlyklarynyň geňeşligine garamaga berýär. Daşary işler ministrleriniň geňeşligi şu wagta çenli jemi 63 maslahat geçirip, olaryň çäklerinde 1018 resminama kabul edildi.
Bular barada GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň resmi internet saýty “cis.minsk.by” hem-de Belarusyň “belta.by” saýtlary habar berýärler.