Hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Heýti Mýaemeesden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki halkyň dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde we Türkmenistan bilen Estoniýanyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde üstünlikleri arzuw etdi.
lçi hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbidine türkmen-eston gatnaşyklaryny ösdürmäge öz diplomatik tejribesini hem-de bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Söhbetdeşligiň barşynda jenap Heýti Mýaemees Türkmenistanyň Baştutanynyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy.
Jenap Heýti Mýaemees ýurdumyzyň iri möçberli gazananlaryna uly gyzyklanma bildirip, türkmen-eston döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin köptaraply mümkinçiligiň bardygyna ynam bildirdi. Parlamentara gatnaşyklary has-da giňeltmegiň, bu işlerde parlamentara dostluk toparlarynyň ornunyň wajypdygy nygtaldy.
* * *
Estoniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Şeýle hem medeni maksatnamanyň çäklerinde ilçi paýtagtymyzyň muzeýleriniň gymmatlyklary hem-de Aşgabadyň beýleki gözellikleri bilen tanyşdy.