Tu­tuş dün­ýä­de soň­ky 70 ýy­lyň do­wa­myn­da öm­rüň do­wam­ly­ly­gy 23 ýyl art­dy. Ol hem dün­ýä­de luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­niň bar­ha go­wu­lan­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy bol­dy. Bu ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li çap edil­di.

Başlangyjy 1-nji sahypada.
7-nji ap­rel­de Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni bi­len bir ha­tar­da, Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň dö­re­dil­me­gi­niň 70 ýyl­ly­gy­ny bel­le­ýä­ris. Bu gu­ra­ma­nyň dö­re­di­len gü­nün­den bä­ri dün­ýä­de öm­rüň do­wam­ly­ly­gy 23 ýyl art­dy – di­ýip, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry­nyň gut­lag ha­tyn­da bel­le­nip ge­çil­ýär.
BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň bel­le­me­gi­ne gö­rä, adam­za­dyň ge­çen dö­würler­de köp san­ly ke­sel­le­riň öňü­ni alan­dy­gy ýa-da ola­ry ara­dan aý­ran­dy­gy aý­dyl­ýar. Bu dö­wür­de ma­ma ke­se­li­niň ýok edi­len­di­gi, po­lio­mi­ýe­lit ke­se­li­ne gar­şy hem bar­ly­şyk­syz gö­reş al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy, mu­nuň ne­ti­je­sin­de, bu ke­se­li hem ýeň­mä­ge müm­kin­çi­li­giň dö­rän­di­gi gutlag hatynda beýan edilýär. Hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, soň­ky on­ýyl­lyk­lar­da enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak ba­bat­da köp iş­ler ama­la aşy­ryl­dy.
Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, 800 mil­li­on adam, ýag­ny dün­ýä­niň ila­ty­nyň 12 gö­te­ri­mi­ne go­la­ýy maş­ga­la býu­je­tin­den 10 gö­te­ri­mi­ni sag­ly­gy go­ra­ýyş pu­da­gy üçin sarp ed­ýär. Bu mag­lu­mat­lar­dan ugur alyp, hal­ka­ra gu­ra­ma tu­tuş dün­ýä­de luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­ni go­wu­lan­dyr­mak üçin ta­gal­la ed­ýär. BMG-niň Baş sek­re­ta­ry hem Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň “Sag­lyk hem­me­ler üçin!” şy­ga­ry­ny gol­da­ma­ga ça­gyr­ýar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2015-nji ýyl­da äh­li ýurt­lar ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len 2030-njy ýy­la çen­li Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­na­ma­syn­da-da ra­ýat­lar üçin luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň el­ýe­ter­li bol­ma­gy­ny ga­zan­mak mak­sat edi­lip goý­lup­dy.

Gurbanmyrat DÖWLETOW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň uly mugallymy.