Uly şäherleriň howasy onuň golaýyndaky ýerlerden 1-3°C arasynda yssy bolýar. Bu görkeziji gijesine 12 °C-a çenli bolup bilýär. Bu waka ilkinji gezek 1818-nji ýylda iňlis alymy Lýuk Goward tarapyndan hasaba alnypdyr. Günden gelýän şöhläniň bir bölegini atmosfera özüne çekýän bolsa, bir bölegi yzyna serpikdirilýär. Belli bir bölegi bolsa, Ýer ýüzüne gelip ýetýär. Ýeriň ýüzi bolsa, bugarmak we şöhläniň ýaýramagy netijesinde ýylylygyny ýitirýär. Ýeriň alýan we berýän energiýasynyň tapawudy ýylylygy kesgitleýän esasy täsir hasaplanýar. Şäherlerde ortaça ýylylygyň ýokary bolmagynyň esasy sebäbi awtoulaglar we binalary ýylatmagyň netijesinde emele gelen yssylyk bilen bir hatarda, bugarmak bilen baglydygy bellenilýär. Ýagny şäher ýerlerinde bugarmak hadysasynyň az bolmagy sowamagy azaldýar. Agaçlar we beýleki ösümlikler bugarmak arkaly sowatmak bilen bir hatarda, kölegesiniň täsiri bilen howanyň salkynlamagyna täsir edýär. Mysal üçin, kölegede duran zadyň gyzgynlygy, şol şertlerde Gün şöhlesiniň göni täsirindäki zatdan 11-25°C aralygynda tapawut edýär. Agaçlaryň we beýleki ösümlikleriň ýapraklary tomus aýlarynda Günden gelýän energiýanyň 10-30 %-ni aşaky bölegine geçirýär. Bu bolsa, howanyň gyzmagynyň öňüni alýar. Şeýle hem ösümlikler bugarmak arkaly howany sowadýar. Fotosintez hadysasy hem howanyň we topragyň sowamagyna ýardam edýär. Ylmy barlaglar ösümlikleriň bugarmagy we kölegesi sebäpli 1-5°C aralygynda howanyň sowamagyna täsir edýändigini görkezýär. Şäherdäki desgalar bolsa, Gün şöhlesini ösümliklere garanyňda, has köp özüne çekýär. Bu ýylylyk gijesine howanyň salkynlamagy bilen daşary çykýar. Bu bolsa, şäheriň howasynyň has yssy bolmagyna getirýär. Binalar gurlanda ulanylan gurluşyk serişdeleri, köçeleriň howa akymyna görä ugry, şäherdäki “ýaşyl” zolaklar we beýleki ösümlikler şäheriň howasynyň ýylylygyna täsir edýär. Şol sebäpli şäherlerde suw çüwdürimleriniň, seýilgähleriň, ýollaryň gyrasynda agaçlaryň bolmagy howanyň ýylylygyny kadaly saklamaga ýardam edýär.
Zöhre Nyýazowa,
Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 37-nji orta mekdebiniň mugallymy.