Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy özüniň dürdäne şygyrlarynyň birinde:
Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy,
Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy – diýýär. Jan saglygy – bahasyz baýlyk. Sport bilen saglyk bolsa, bir bitewilikdir. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor, hormatly Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda mähriban halkymyzyň saglygyny goramak hakynda uly aladalar edilýär. Ilatyň jan saglygy, sagdyn durmuş ýörelgesi, raýatlaryň ömrüni uzaltmak hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen çap edilen “Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly kitapda esasy ündelýän meseleleriň biridir. Bu gün Türkmenistan diýarymyz sporty söýüjileriň ýurdy hökmünde giňden tanalýar.
Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesi esasynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa, ilatymyzyň, esasan-da ýaşlarymyzyň sport bilen yzygiderli meşgullanmaklaryna uly itergi berýär. Türkmen türgenlerimiz iri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, mukaddes baýdagymyzy belentde pasardadyp, altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp bolup, ildeşlerimizi begendirýärler. “Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” kitaby diňe bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýanlar üçin däl, eýsem, ählimiz üçinem ýan kitabyna öwrüldi. Bu kitabyň üç dilde çap edilmegi bolsa, daşary ýurtlulara-da Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biriniň sagdyn durmuş ýörelgesidigi, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berilýändigi barada içgin maglumatlary almaga aýratyn mümkinçilikleri döredýär.
Anatoliý Ataýew,
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň
ortoped lukmany.