Filippinleriň “Meep” kompaniýasy “Green Falcon” atly elektrik togy bilen işleýän motosikl öndürdi we onuň nowasynda bambuk agajyndan peýdalanyldy. Bu ulagyň agramy 6,5 kilograma deňdir. Ol bambukdan peýdalanmak arkaly dürli innowasion pikirleri öňe sürmek maksady bilen badalga berlen “Bamboo Extreme” hökümet maksatnamasy esasynda öndürildi. 2020-nji ýylda Filippinler hökümeti bu ösümligi ösdürip ýetişdirmek üçin 10 million gektar ýer bölüp bermegi göz öňünde tutýar.
Bu motosikl şäher ýerinde ulanmak üçin niýetlenendir. Onuň iň ýokary tizligi sagatda 97 kilometre barabardyr. Ulagyň köpçülikleýin önümçiligi üçin entek karara gelinmedi. Ýöne onuň üsti bilen ýerli serişdelerden netijeli peýdalanyp, dürli önümçiligi ýola goýup boljakdygy subut edildi.
Muhammet ANNAGELDIÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.