Çi­lim çek­me­giň adam sag­ly­gy­na zy­ýan­ly­dy­gy belli zat. Bu ba­bat­da alym­lar dür­li yl­my-bar­lag iş­le­ri­ni yzy­gi­der­li ge­çir­ýär­ler. Go­laý­da Ýa­po­ni­ýa­nyň alym­lar to­pa­ry ta­ra­pyn­dan köp muk­dar­da çi­lim çe­ki­len ha­la­tyn­da onuň eşi­diş syna­la­ry­na oňaý­syz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýän­di­gi mä­lim edil­di. Bu ba­ra­da “Asa­hi” ga­ze­ti ha­bar ber­ýär. Ýa­po­ni­ýa­nyň Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş we luk­man­çy­lyk mil­li mer­ke­zi­niň alym­lar to­pa­ry ýur­duň paý­tag­tyn­da­ky iri kor­po­ra­si­ýa­nyň 20 bi­len 64 ýaş ara­ly­gyn­da­ky iş­gär­le­ri­niň 50 mü­ňü­si­niň gat­naş­ma­gyn­da bar­lag iş­le­ri­ni ge­çir­di. Olar 2008-2010-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da­ky luk­man­çy­lyk bar­lag­la­ry­nyň ne­ti­je­lerini alym­lar to­pa­ry­na tab­şyr­dy­lar. Çi­lim çe­kip-çek­me­ýän­dik­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat ber­di­ler. Olar bar­lag döw­rün­de yzy­gi­der­li luk­manlaryň gö­zeg­çi­li­gin­de bol­du­lar.
Şol dö­wür­de 5 müň­den gow­rak ada­myň eşi­diş agza­la­ry­nyň bel­li bir möç­ber­de pe­se­len­di­gi mä­lim edil­di. Ne­ti­je­le­re gö­rä, her gün 10-a çen­li çe­ki­len çi­li­miň ker bol­mak äh­ti­mal­ly­gy­ny 1,4 es­se art­dyr­ýan­dy­gy, eger çi­li­miň muk­da­ry­ 1 gu­ta çen­li art­dyr­ylan ha­la­tyn­da, bu gör­ke­zi­ji­niň 1,7 es­sä çen­li ýo­kar­lan­ýan­dy­gy anyk­la­nyl­dy. Ýa­pon alym­la­ry­nyň bel­le­me­gi­ne gö­rä, zy­ýan­ly ni­ko­tin we çi­lim çe­ke­niň­de, gan aý­la­ny­şy­gyň bo­zul­ma­gy gu­la­gyň iç­ki bö­le­gi­ne ýa­ra­maz tä­sir ed­ýär. Şeý­le ýag­da­ýa soň­ky ýyl­lar­da has meş­hur­lyk ga­za­nyp baş­lan elekt­ron çi­lim­ler­de köp duş ge­lin­ýär.

Sy­lap­ber­di Mäm­me­dow,
Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.