Prezidentler Wladimir Putin we Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda Ankarada ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi we onuň dowamynda goranyş, energetika we beýleki ugurlar boýunça birnäçe ylalaşyklar gazanyldy. Iki ýurduň Prezidentleri wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly Türkiýäniň “Akkuýu” AEB-niň gurluşygyna badalga berdiler. Bekediň birinji energiýa toplumynyň gurluşygynyň düýbüniň tutulyş dabarasynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bu toplumyň Türkiýe Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 100 ýyllygyna gabatlanylyp, 2023-nji ýylda ulanylmaga beriljekdigini aýtdy.
Şeýle hem Russiýanyň Lideri strategik ähmiýetli “Akkuýu” elektrik bekediniň gurluşygynyň rus işewürlerine ynanylandygy üçin Türkiýe tarapyna hoşallyk bildirdi. Onuň aýtmagyna görä, bu maýadarlary çekmek üçin taslamanyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrar. Şeýle hem, Wladimir Putin elektrik bekediniň 2023-nji ýylda boljak açylyş dabarasyna gatnaşmak isleýändigini mälim etdi.
Türkiýäniň Prezidenti bahasy 20 milliard amerikan dollaryna barabar bolan bu taslamada dört sany energiýa toplumynyň göz öňünde tutulandygyny hem-de toplumyň ýurduň sarp edýän elektrik energiýasynyň 10 göterimini öndürjekdigini aýtdy. Şeýle hem häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň geçen ýyl 32 göterim artyp, 22 milliard dollara ýetendigini, geljekde bu görkezijini 100 milliard dollara çenli artdyrmagy maksat edinýändiklerini belledi.