Şu hep­de­de oý­na­la­n UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da çär­ýek fi­na­lyň 1-nji oýun­la­ryn­dan soň, ýa­rym fi­na­la çyk­jak to­par­lar az­da-kän­de bel­li bol­dy diý­seňem bo­lar. Tap­gy­ryň iň köp üns mer­ke­zin­dä­ki oý­ny ge­çen ýy­lyň fi­nal­çy­la­ry­nyň “Ýuwentus” bilen “Realyň” ara­syn­da bo­lup geç­di. Mun­dan 10 aý ozal hem fi­nal­da ga­bat­la­şan iki lä­he­ňiň öza­ra 20-nji du­şu­şy­gy ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ra baý bol­dy. Eý­ýäm 3-nji mi­nut­da su­per ýyl­dyz Ro­nal­do oý­nuň yk­ba­ly­ny üýt­get­di. Mar­se­lo­nyň çep gy­ra­dan be­ren pa­sy­na go­rag­çy­lar­dan öňür­ti aýa­gy­ny go­ýup ýe­ti­şen Ro­nal­do Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da bas­syr 10 (şu möw­süm­de 9-njy) du­şu­şy­gyn­da-da ta­pa­wut­la­nyp, bu ugur­da re­kor­dy öz ady­na ge­çir­di. Bu Ro­nal­do­nyň şu bäs­le­şik­de ge­çi­ren iň çalt go­ly diý­lip ha­sa­ba alyn­dy (2 mi­nut 47 se­kunt). 1-nji ýa­rym 1–0 ha­sa­byn­da is­pan­la­ryň peý­da­sy­na ta­mam­lan­dy. 2-nji ýa­rym­da, has ta­ky­gy, 64-nji mi­nut­da bü­tin dün­ýä­ni aňk eden wa­ka bol­dy. Kar­wal­ýo­nyň sag gap­dal­dan be­ren pök­gü­si­ni 2,27 metr be­ýik­li­ge bö­küp, üs­ta­şyr uran Ro­nal­do­nyň bu owa­dan go­lu­na us­sat der­we­ze­çi Jan­lui­ji Buf­fo­na di­ňe se­re­däý­mek gal­dy. Oýundan soň, “Karýeramdaky iň owadan golum” diýip, beýanat beren Ro­nal­do­ “Ýu­wen­tu­syň” gar­şy­sy­na ge­çi­ren 6-njy oý­nun­da 9-njy ýo­la ta­pa­wut­lan­dy. Şu möw­süm­dä­ki 14-nji (ýe­ne-de 4 gol ge­çir­se, öz re­kor­dy­ny tä­ze­le­ýär), umu­my­lyk­da-da 119-njy Çem­pi­on­lar li­ga­sy go­lu­ny ge­çi­ren Ro­nal­do çär­ýek fi­nal­lar­da­ky 22-nji pök­gü­si­ni der­we­zä gi­riz­di. Bu ugur­da oňa iň go­lay Ra­ul Gon­za­les bi­len Lio­nel Mes­si bo­lup, her­si 10 pök­gi ge­çir­di. 66-njy mi­nut­da 2-nji sa­ry kar­toç­ka­sy­ny alan Pau­lo Di­ba­la meý­dan­ça­dan çy­ka­ryl­dy. 2 to­py sü­tü­ne de­gen “Re­al Mad­rid” ýe­ne bir pök­gi­ni der­we­zä urup, jo­gap du­şu­şy­gy üçin has hem ar­ka­ýyn­laş­dy. Ol go­ly 72-nji mi­nut­da Ro­nal­do­nyň pa­syn­dan soň, çep gy­ra­ky go­rag­çy Mar­se­lo to­ra ýol­la­dy. Şun­luk­da, “Re­al” to­pa­ry jo­gap oý­ny üçin Mad­ri­de “sy­ýa­ha­yt­çy­lyk mak­sat­ly” gel­mä­ge mej­bur eden gar­şy­da­şy “Ýu­wen­tu­sy” 10-njy ge­zek ýeň­me­gi ba­şar­dy. Ro­nal­do Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da­ky 95-nji du­şu­şy­gyn­da ýe­ňiş ga­za­nyp, ozal­ky to­par­da­şy Iker Ka­sil­ýa­syň re­kor­dyna şä­rik bol­dy. “Ýu­wen­tus” bol­sa, tä­ze sta­dio­nyn­da Ýew­ro­ku­bok­lar­da 2-nji ge­zek ýe­ňil­di. 28 oýun­dan soň utu­lan tu­rin­li­ler soň­ky ge­zek 2013-nji ýy­lyň ap­re­lin­de “Ba­wa­ri­ýa­dan” as­gyn ge­lip­di­ler (2–0).
* * *
60 ýyl­dan soň, bu ýa­ryş­da çär­ýek fi­na­la çy­kan “Se­wil­ýa” güýç­li gar­şy­da­şy “Ba­wa­ri­ýa­dan” 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňil­di. Du­şu­şy­gyň 31-nji mi­nu­tyn­da Pab­lo Sa­ra­bia ýer eýe­le­ri­ni öňe çy­kar­dy. 6 mi­nut­dan soň, baş­ga bir “se­wil­ýa­ly” oýun­çy He­sus Na­was “ba­wa­ri­ýa­ly” Frank Ri­be­ri­niň to­pu­ny gaý­tar­jak bo­lan­da, öz der­we­ze­çi­si­ni ýal­ňyş­dyr­dy we ne­ti­je­de ha­sap deň­len­di. Or­ta­tap ýag­daý­da ge­çen 2-nji ýa­rym­da, has ta­ky­gy, 68-nji mi­nut­da Tia­go Al­kan­ta­ra­nyň kel­le­si bi­len uran ur­gu­sy “se­wil­ýa­ly” go­rag­çy­la­ryň bi­ri­ne de­gip to­ra gir­di. Ýö­ne UEFA bu go­ly Tia­go­nyň ady­na ha­sa­ba al­dy.

“BARSELONANYŇ” PEÝDASYNA BÄŞINJI AWTOGOL
“Bar­se­lo­na” bilen “Ro­manyň” arasyndaky du­şu­şykda hasap 38-nji minutda açyldy­. Ol “Ro­manyň” kapitany Da­nie­le De Ros­si ýalňyşlyk bilen öz derwezesinden girizdi. 2-nji ýa­rym­da-da “ro­ma­ly­lar” öz tor­la­ryn­dan ýe­ne bir gol ge­çir­di. Ýag­ny 55-nji mi­nut­da Ma­no­las ha­sa­by 2–0-a ýe­tir­di. 4 mi­nut­dan soň, Lu­is Sua­re­siň pa­sy bi­len bu bäsleşigiň golçy goragçylaryndan Je­rard Pi­ke ta­pa­wut­lan­dy (3–0). 80-nji mi­nut­da Edin Je­ko ital­ýan­la­ry jo­gap oý­ny üçin az-ow­lak umyt­lan­dyr­sa-da, du­şu­şy­gyň ta­mam­lan­ma­gy­na 3 mi­nut ga­lan­da, Luis Sua­res oýna soň­ky no­ka­dy goý­dy. Bu urugwaýly hüjümçiniň şu möw­süm­de Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da­ky il­kin­ji go­lu­dyr. Şeý­le­lik­de, “Bar­se­lo­na” to­pa­ry “Ro­ma­ny” 4–1 ha­sa­byn­da ut­ma­gy ba­şar­dy. Ka­ta­lon­la­ra şu möw­süm Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da gar­şy­daş to­par­la­ryn­dan 5 oýun­çy­nyň uly ýar­da­my deg­di. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, du­şu­şy­gyň il­kin­ji 2 pök­gü­si şu möwsümde “Bar­se­lo­na­nyň” peý­da­sy­na ha­sa­ba al­nan 5-nji aw­to­gol bol­dy (bu gör­ke­zi­ji re­kor­da deň­dir).

SALAH WE ÝOLDAŞLARYNYŇ YNAMLY ÝEŇŞI
Ikinji tap­gyr­da 5 to­par bi­len çy­kyş eden iň­lis­le­riň ga­lan 2 klu­bu­nyň-da çär­ýek fi­nal­da bi­je çe­kiş­me­gi aý­ra­tyn bel­län­mä­ge my­na­syp­dyr. Du­şu­şyk­dan öň, köp­ler çem­pio­nat­da şu gün çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan et­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýan “Man­çes­ter Si­ti­niň” bu ýa­ry­şyň tej­ri­be­li to­par­la­ryn­dan “Li­wer­pu­ly” geç­er diýenleriň sa­ny ar­tyk­rak­dy. Ýö­ne “An­fild Ro­ad­da­ky” oýun beý­le bol­ma­dy. Ýur­gen Klopp bu sa­pa­ram bäs­de­şi Pep Gu­ar­dio­la­dan üs­tün çyk­dy. Du­şu­şy­gyň ýa­rym sa­ga­dy ta­mam­lan­anda, to­ma­şa­çy­lar skor­bord­da 3–0 di­ýen ýaz­gy­ny gör­dü­ler. 12-nji mi­nut­da Mo­ha­med Sa­lah, 21-nji mi­nut­da uzak­dan owa­dan ur­gy bi­len Aleks Oks­leýd-Çem­ber­leýn 31-nji mi­nut­da-da Sa­la­hyň pa­syn­dan soň, Sa­dio Ma­ne ta­pa­wut­lan­dy. Ikin­ji ýa­rym­da “Si­ti” şol gol­la­ryň iň bol­man­da bi­ri­niň öwe­zi­ni dol­up, jogap oýny üçin amatly hasap bilen dolanjak bolsa-da, bu ola­ra ba­şart­ma­dy. Ne­ti­je­de, “Li­wer­pu­lyň” der­we­ze­si­ne ýe­ke dürs ur­gy ge­çi­rip bil­me­dik “Man­çes­ter Si­ti” 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. 31 gol ge­çi­ren “Li­wer­pul” bu ba­bat­da möw­sü­miň iň öň­de­ba­ry­jy to­pa­ry­dyr. ÇL-de şu möw­süm­de 6 oýun­da to­ru­na gol goý­ber­me­dik “Li­wer­pul” öz meý­dan­ça­syn­da-da Ýew­ro­ku­bok­lar­da 15 du­şu­şyk­dan bä­ri ýeň­le­nok. 2-nji go­luň pa­sy­ny be­ren Jeýms Mil­ner şu möw­süm­de 8-nji asis­ti­ni edip, Ru­ni­dir Neý­ma­ryň re­kor­dy­na şä­rik bol­dy. Çem­pio­nat­da öz meý­dan­ça­syn­da “Li­wer­pu­ly” 5–0 ha­sa­byn­da utan “Man­çes­ter Si­ti” şu ýyl­ky 49 oý­nu­nyň 4-sin­de gol ge­çi­rip bil­me­di. 1982-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­len 32 du­şu­şyk­da “Li­wer­pu­ly” “An­fild Ro­ad­da” di­ňe 1 ge­zek ýeň­me­gi ba­şa­ran “Si­ti­niň” Man­çes­ter­de nä­hi­li oýun gör­kez­jek­di­gi eý­ýäm­den köp­le­ri iç­gin gy­zyk­lan­dyr­ýar.
Jo­gap du­şu­şyk­la­ry 10–11-nji ap­rel­de oý­na­lar. Ýa­rym fi­na­lyň bi­je­le­ri-de 13-nji ap­rel­de çe­ki­ler.

ÝER EÝELERINIŇ ÜSTÜNLIGI
UEFA Ýew­ro­pa li­ga­syn­da çär­ýek fi­na­lyň bi­rin­ji oýun­la­ryn­da ýer eýe­le­ri ýe­ňiş ga­zan­dy. Ku­bo­gyň esa­sy da­laş­gä­ri “Ar­se­nal” Mosk­wa­nyň SSKA-sy­ny 4–1 ha­sa­byn­da ut­dy (Rem­zi 9, 28, La­ka­zett 23 p, 35 — Go­lo­win 15). Du­şu­şyk­da­ky 5 pök­gi-de 1-nji ýa­rym­da ge­çi­ril­di. Beý­le­ki bir da­laş­gär “At­le­ti­ko” to­pa­ry-da Mad­rid­de “Spor­ting­den” Ko­ke (1) we Griz­man­nyň (40) gol­la­ry esa­syn­da 2–0 hasabynda ýe­ňiş ga­zan­dy. “Le­ip­sig” bi­len “Mar­se­liň” ara­syn­da­ky oýun­da-da 1 pök­gi ýe­ňi­ji­ni kes­git­läp, ony 45+1-nji mi­nut­da ýer eýe­le­ri­niň ez­ber hü­jüm­çi­si Ti­mo Wer­ner der­we­zä gi­riz­di. 6 go­luň ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyn­da-da Ita­li­ýa­nyň “La­sio­sy” Awst­ri­ýa­nyň “Red Bull Sals­burg” to­pa­ryn­dan 4–2 (Lu­liç 8, Pa­ro­lo 49, Fe­li­pe An­der­son 74, Im­mo­bi­le 76 — W. Be­ri­şa 30 p, Mi­na­mi­no 71) ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Jo­gap oýun­la­ry 12-nji ap­rel­de oý­na­lar.