* Ang­li­ýa­nyň “Pre­mi­er li­ga­syn­da” “Man­çes­ter Si­ti” “Ewer­to­ny” Sa­ne (4), He­sus (12) hem-de Ster­lin­giň (37) gol­la­ry bi­len 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Edil şo­nuň ýa­ly-da Lon­don der­bi­sin­de “Tot­ten­hem” myh­man­çy­lyk­da “Çel­si­ni” ýyl­dyz­la­ry Erik­sen­dir (45+1) De­le Al­li­niň (62, 66) owa­dan gol­la­ry bi­len 3–1 ýeň­li­şe se­ze­war et­di. “Si­ti” şu gün­ki oý­nal­jak “Man­çes­ter” der­bi­sin­de ýe­ňiş ga­zan­sa, on­da olar 5-nji ge­zek “Pre­mi­er li­ga­nyň” çem­pio­ny bo­lar.
* Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da öň­de­ba­ry­jy “Bar­se­lo­na” myh­man­çy­lyk­da “Se­wil­ýa” bi­len du­şu­şyp, 2–2 deň­me-deň oý­na­dy. Was­kes we Mu­rie­liň gol­la­ry bi­len öňe saý­la­nan “Se­wil­ýa” 88-nji we 89-njy mi­nut­lar­da Sua­res hem-de Mes­si­niň gol­la­ry­na alaç ta­pyp bil­me­di. “Re­al Mad­rid” “Las Pal­ma­sy” Ga­ret Beý­liň (2) we Ben­ze­ma­nyň go­llary bi­len 3–0 ýeň­di.
* Ita­li­ýa­nyň “A-Se­ri­ýa­syn­da” “Mi­lan” soň­ky 7 gü­nüň do­wa­myn­da 2 eze­li bäs­de­şi bi­len du­şu­şyp, il­ki “Ýu­wen­tus­dan” 3–1 utul­dy (Di­ba­la 8, Ku­ad­ra­do 79, Ke­di­ra 87 — Bo­nuç­çi 28), soň­ra-da “In­ter” bi­len 1 utu­gy paý­laş­dy (0–0).
* Ger­ma­ni­ýa­nyň “Bun­des­li­ga­syn­da” “Ba­wa­ri­ýa” öz meý­dan­ça­syn­da “Bo­rus­si­ýa D.” to­pa­ry­ny 6–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Oýun­da Le­wan­dows­ki 3 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. “Şal­ke­niň-de” “Fraý­bur­gy” 2–0 ut­ma­gyn­dan soň, “Ba­wa­ri­ýa” çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan edip bil­me­di. Mün­hen­li­ler şu hep­de-de ýe­ňil­me­se­ler “Bun­des­li­ga­nyň” çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nar­lar.
* “Man­çes­ter Ýu­naý­ted­den” ABŞ-nyň “LA Ga­lak­si” to­pa­ry­na trans­fer bo­lan Zla­tan Ib­ra­hi­mo­wiç il­kin­ji du­şu­şy­gyn­da 2 gol ge­çi­rip, to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­tir­di. Los An­je­les der­bi­sin­de “LA Ga­lak­si” gar­şy­da­şy “Los An­je­les FK” 3–0 öňe saý­la­nan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. 71-nji mi­nut­da oý­na gi­ren Zla­tan 77-nji we 90-njy mi­nut­lar­da owa­dan gol­la­ry öz ady­na ýaz­dyr­dy (Llet­jet 61, Pon­ti­us 73, Ib­rai­mo­wiç 77, 90 — Kar­los We­la 5, 26m Ste­res 48 ö.d.).
* “Por­to” to­pa­ry­nyň is­pa­ni­ýa­ly der­we­ze­çi­si Iker Ka­sil­ýas ta­ry­hy sep­gi­de ýet­di. Ol to­pa­ry­nyň “Be­len­şeş” bi­len bo­lan du­şu­şy­gyn­da 1000-nji ge­zek meý­dan­ça çyk­dy “Be­le­nen­şeş”–“Por­to”: 2–0). Ka­sil­ýa pro­fes­sio­nal kar­ýe­ra­sy­na 1999-njy ýy­lyň 12-nji sent­ýab­ryn­da “Re­al Mad­rid”–“At­le­tik Bil­bao” du­şu­şy­gy bi­len baş­lap­dy.

* Indiki tapgyryň esasy oýunlary: 7-nji aprel: “Ewerton”–“Liwerpul” (16:30), “Zenit”–“Krasnodar” (18:30), “Monako”–“Nant” (20:00), “Roma”–“Fiorentina” (21:00), “Man. Siti”–“Man. Ýunaýted” (21:30), “Hamburg”–“Şalke” (21:30) “AZ Alkmaar”–PSW (22:45), “Sampdoria”–“Jenoa” (23:45); 8-nji aprel: “Real Madrid”–“Atletiko” (19:15), “Çelsi”–“West Ham” (20:30).