Uelsiň paýtagty Kardiffdäki “Principality” stadionynda guralan boks agşamynda biri-birinden dartgynly, çekeleşikli tutluşyklar geçirildi. Şol tutluşyklaryň arasynda iň köp garaşylýany agyr agramda britaniýaly Entoni Joşuanyň Täze zelandiýaly boksçy Josef Parkeriň garşysyna geçirjek duşuşygy bolup, ol 12 raundlap dowam etdi. 78 müň boks muşdagynyň tomaşa eden tutluşygynda 12 raundyň ahyrynda Joşua eminleriň çykaran 118:110, 118:110 hem-de 119:109 netijeleri esasynda ýeňiş gazandy. Mundan öňki 20 duşuşygynyň ählisinde-de nokaut bilen ýeňiş gazanan 28 ýaşly Joşua 21-nji ýeňşini baýram etdi. Şeýlelikde, Joşua WBA, IBF guşaklarynyň hataryna WBO guşagyny-da goşmagy başardy. Ol boksdaky 4 uly guramanyň 3-siniň guşagyny gazandy. Agyr agramdaky 4-nji guşaga – WBC-niň guşagyna bolsa, häzirki wagtda amerikaly Deontaý Waýlder eýelik edýär. 26 ýaşly Parker mundan öň 24 tutluşygynyň 18-sini nokaut bilen gazanypdy. Ol ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy.
Şol agşamky ýene bir esasy tutluşykda russiýaly Aleksandr Powetkin britaniýaly Dewid Praýs bilen güýç synanyşdy. Tutluşyk Powetkiniň jaýdar urgusyndan soň, Praýsyň nokaut bolmagy bilen 5-nji raundda tamamlandy. Ondan öňki raundlarda özi-de zarply urgy sebäpli kynçylyk çeken Powetkin karýerasyndaky 34-nji ýeňşini gazandy. Diňe 1 gezek ýeňlen 38 ýaşly Powetkin 24-nji gezek garşydaşlaryny nokauta iberdi. Şunlukda, Powetkin WBA yklymlararasy hem-de WBO halkara guşagyny özünde saklamagy başardy.