Ten­nis bo­ýun­ça möw­süm­dä­ki 2-nji “Mas­ters” ýa­ry­şy “Ma­ýa­mi Açyk­da” er­kek­ler­de-de, ze­nan­lar­da-da ýer eýe­le­ri – ame­ri­ka­ly ten­nis­çi­ler ýe­ňiş ga­zan­dy. Er­kek­le­riň ara­syn­da­ky fi­nal­da ame­ri­ka­ly ten­nis­çi, 17-nji orun­da­ky Jon Iz­ner bi­len 5-nji bas­gan­çak­da­ky ger­ma­ni­ýa­ly Alek­sandr Zwe­rew du­şuş­dy. 1-nji set­de Zwe­rew 7:6 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­sa-da, soň­lu­gy bi­len, ti­je­nen Iz­ner 2–3-nji set­ler­de 6:4-lik ha­sap­lar bi­len ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Bu onuň “Mas­ters” ýa­ryş­la­ryn­da­ky il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy bo­lup, ol ATP bäs­le­şik­le­rin­de 13-nji ýo­la ýe­ňiş ga­zan­dy.
Ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky fi­nal­da ge­çen ýyl “Ame­ri­ka Açyk” “Uly tu­wul­ga­syn­da” çem­pi­on­lyk ga­za­nan 12-nji ha­tar­da­ky ABŞ-ly ra­ket­ka­çy Sloa­ne Ste­fens bi­len WTA-nyň sa­na­wyn­da 5-nji ýe­ri eýe­le­ýän lat­wi­ýa­ly Ýe­le­na Os­ta­pen­ko öza­ra güýç sy­na­nyş­dy. 1-nji set diý­seň çe­ke­le­şik­li ge­çip, ýer eýe­si Ste­fens taý-brek­den soň, 7:6 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Ikin­ji set­de-de Ste­fens ge­çen ýyl­ky “Fran­si­ýa Açy­gyň” ýe­ňi­ji­si Os­ta­pen­ko­ny 6:1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Ne­ti­je­de, 2:0 ha­sa­byn­da gar­şy­da­şyn­dan üs­tün çy­kan 25 ýaş­ly Ste­fens WTA-da­ky 6-njy, şeý­le-de, il­kin­ji “Mas­ters” çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy.