Iň köp medally ýygyndy (2)

Çem­pi­on hök­mün­de Ar­gen­ti­na – 1978-e gat­na­şan ne­mes­ler 2-nji to­par­ça­da çy­kyş ed­ýär. Pol­şa­dyr Tu­nis bi­len 0–0 deň­me-deň oý­nan Gün­ba­tar Ger­ma­ni­ýa ara­lyk­da-da Mek­si­ka­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny 6–0 ýeň­ýär. 2-nji tap­gyr­da “A” to­par­ça düş­ýär. Ýe­ne bir oý­nu­ny 0–0 (Ita­li­ýa), soň­ra Ni­der­land­lar bi­len 2–2 deňme-deň oýnaýar. 3-nji du­şu­şy­gyn­da-da Awst­ri­ýa­dan 3–2 utu­lyp, ýa­ryş­dan çyk­ýar.

YZLY-YZYNA 3 GEZEK FINALA ÇYKÝAR
Ine mun­dan soň, Dün­ýä Ku­bo­gyn­da ger­ma­ni­ýaly fi­nal­la­r baş­lan­ýar. Yz­ly-yzy­na 3 ge­zek fi­na­la çy­kan ne­mes­ler şo­la­ryň il­kin­ji­sin­de, has ta­ky­gy, Is­pa­ni­ýa – 1982-de 2-nji to­par­ça­da çy­kyş ed­ýär. Il­kin­ji oý­nun­da Al­žir­den 2–1 utu­lan ne­mes­ler soň­ra Rum­me­nig­ge­niň het-trik eden du­şu­şy­gyn­da Çi­li­den 4–1 üs­tün çyk­ýar. 3-nji du­şu­şy­gyn­da goň­şu­sy Awst­ri­ýa bi­len du­şuş­ýar. Bir gün öň oý­na­lan Al­žir–Çi­li du­şu­şy­gyn­da af­ri­ka­ly­lar 3–2 ýe­ňiş ga­za­nyp, utuk­la­ry­nyň sa­ny­ny 4-e çy­kar­ýar. Beý­le­ki bir ta­rap­da-da, Awst­ri­ýa­nyň 4, Ger­ma­ni­ýa­nyň-da 2 utu­gy bar. Oý­nuň 10-njy mi­nu­tyn­da ger­ma­ni­ýa­ly Hru­be­şiň go­lun­dan soň, to­par­la­ryň iki­si-de idi­li oýun gör­kez­me­ýär. Se­bä­bi bu ha­sap iki goň­şy döw­le­te in­di­ki tap­gy­ra çyk­ma­gy üçin ýe­ter­lik­di. Ne­ti­je­de, 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan Gün­ba­tar Ger­ma­ni­ýa bi­len Awst­ri­ýa iki­si ýa­ry­şy do­wam et­dir­ýär. FI­FA bol­sa, şol oýun­dan soň, to­par­ça­da­ky 3-nji du­şu­şyk­la­ry mun­dan beý­läk bir wagt­da baş­lat­mak ba­ra­da ka­rar ka­bul ed­ýär. 2-nji tap­gyr­da Ger­ma­ni­ýa “A” to­par­ça­da Ang­li­ýa bi­len 0–0 oý­na­sa, Bar­se­lo­na­da ýer eýe­si is­pan­la­ry Litt­bars­ki we Fi­şe­riň gol­la­ry bi­len 2–1 ha­sa­byn­da ut­ýar. Ýa­rym fi­nal­da-da Fran­si­ýa bi­len ga­bat­laş­ýar. Ta­ry­hy du­şu­şy­gyň esa­sy we goş­ma­ça wag­ty deň­lik­de gu­tar­ýar. Goş­ma­ça wagt­da fran­suz­lar 2 ge­zek öňe saý­lan­sa-da, ne­mes­ler her sa­par­da ha­sa­by deň­le­ýär. (3–3; Litt­bars­ki 17, Rum­me­nig­ge 102, Fi­şer 108 — Pla­ti­ni 26 p, Tre­sor 92, Ži­ress 98). Ne­ti­je­de, pe­nal­ti­ler­de 5–4 öňe çy­kan ne­mes­ler fi­nal­da Ita­li­ýa­nyň gar­şy­da­şy bol­ýar. San­tia­go Ber­na­beu sta­dio­nyn­da­ky fi­nal­da ital­ýan­lar 3–1 (Ros­si 57, Tar­del­li 69, Al­to­bel­li 81 — Braýt­ner 83) ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp, 3-nji ýo­la Dün­ýä Ku­bo­gy­ny eýe­le­ýär. Ne­mes­ler we­lin, 1966-njy ýyl­dan soň, 2-nji ge­zek fi­nal­da utul­ýar.
Mek­si­ka – 1986 Dün­ýä Ku­bo­gy­na “E” to­par­ça­da Urug­waý bi­len 1–1 deň­me-deň oý­nap baş­lan Gün­ba­tar Ger­ma­ni­ýa Şot­lan­di­ýa­ny Föl­ler we Al­lof­suň gol­la­ry bi­len 2–1 ýeň­ýär. Soň­ra Da­ni­ýa­dan 2–0 utul­sa-da, gol ara­tap­wu­dy bi­len Urug­waý­dan öňe saý­la­nyp, to­par­ça­da 2-nji ýe­ri eýe­le­ýär. Ikin­ji tap­gyr­da ýa-da 1/8 fi­nal­da Ma­rok­ko­ny Mat­teu­syň 88-nji mi­nut­da­ky go­ly bi­len 1–0 ha­sa­byn­da ut­ýar. Çär­ýek fi­nal­da ýer eýe­le­ri Mek­si­ka bi­len du­şuş­ýar. Oýun­da ha­sap açyl­ma­ýar we pe­nal­ti­ler­de ýe­ne-de ne­mes­le­riň bag­ty çüw­ýär (4–1). Ýa­rym fi­nal­da ýe­ne-de Fran­si­ýa bi­len ga­bat­laş­ýar we bu ge­zek pe­nal­ti­le­re gal­ma­dyk du­şu­şyk­da Gün­ba­tar Ger­ma­ni­ýa Bre­me we Föl­le­riň gol­la­ry esa­syn­da 2–0 ýe­ňiş ga­zan­ýar. Fi­nal­da Die­go Ma­ra­do­na­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky Ar­gen­ti­na bi­len du­şuş­ýar. Gü­nor­ta ame­ri­ka­ly­lar Brawn (23) we Wal­da­no­nyň (55) gol­la­ry bi­len 2–0 öňe saý­lan­ýar. Ýö­ne Rum­me­nig­ge (74) we Föl­ler (80) hasaby deňleýär. 83-nji mi­nut­da-da Ma­ra­do­na­nyň pa­sy­ny alan Bur­ru­ça­ga Ar­gen­ti­na 2-nji ku­bo­gy­ny ga­zan­dyr­ýar. Ger­ma­ni­ýa bol­sa, bu ge­ze­gem, yz­ly-yzy­na 2-nji fi­na­lyn­dan eli boş gaýd­ýar.

3-nji ÇEMPIONLYK
1990-njy ýyl­da Dün­ýä Ku­bo­gy Ita­li­ýa­da ge­çi­ril­ýär. “D” to­par­ça­da Ýu­gos­la­wi­ýa­ny 4–1, BAE-ni 5–1 ýe­ňen ne­mes­ler Ko­lum­bi­ýa bi­le­nem deň­me-deň oý­na­ýar (1–1). Ikin­ji tap­gyr­da dart­gyn­ly ge­çen oýun­da Ni­der­land­la­ryň ýy­gyn­dy­syn­dan Klins­mann we Bre­me­niň gol­la­ry bi­len 2–1 üs­tün çyk­ýar. Çär­ýek fi­nal­da çeh­le­ri Mat­teu­syň 25-nji mi­nut­da­ky pe­nal­ti go­ly bi­len ýe­ňen Gün­ba­tar Ger­ma­ni­ýa ýa­rym fi­nal­da eze­li bäs­de­şi Ang­li­ýa­nyň gar­şy­da­şy bol­ýar. Oý­nuň esa­sy wag­ty 1–1 ta­mam­lan­ýar (Bre­me 60 — Li­ne­ker 80). Pe­nal­ti­ler­de-de 4–3 ýe­ňiş ga­za­nan Ger­ma­ni­ýa bas­syr 3-nji ge­zek fi­na­la ady­ny ýaz­dyr­ýar. Fi­nal­da 4 ýyl öň­ki çem­pio­nat­da ku­bo­gy al­dy­ran gar­şy­da­şy Ar­gen­ti­na­ny 1–0 ha­sa­byn­da ut­ýar. Ýe­ke-täk pök­gi­ni mek­si­ka­ly emin Ed­gar­do Ko­de­sa­lyň 85-nji mi­nut­da je­del­li pur­sat­da bel­län pe­nal­ti­si­ni Bre­me dürs ýe­ri­ne ýe­tir­ýär we Ger­ma­ni­ýa köp ga­raş­dy­ran 3-nji ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­ýär. Du­şu­şyk­da ar­gen­tin­ler­den Ped­ro Mon­zon (65, fi­nal oýun­la­ryn­da gy­zyl kar­toç­ka alan il­kin­ji oýun­çy) bi­len Gus­ta­wo De­zot­ti gy­zyl kar­toç­ka al­ýar. Bu fi­nal oý­ny Dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­nyň iň iç­gys­gynç fi­na­ly hök­mün­de ta­ry­ha gir­ýär. Bu ne­mes­le­riň Gün­ba­tar Ger­ma­ni­ýa ady bi­len gat­na­şan soň­ky çem­pio­na­ty bol­ýar.
No­bat­da­ky Dün­ýä Ku­bo­gy 1994-nji ýyl­da ABŞ-da gu­ra­lyp, “C” to­par­ça­da Bo­li­wi­ýa­dyr (1–0; Klins­mann 61) Is­pa­ni­ýa (1–1; Klins­mann 48 — Goý­koe­çea 14) hem-de Gü­nor­ta Ko­re­ýa (3–2; Klins­mann 12, 37, Rid­le 20 — Hwan S.H. 52, Hon M.B. 63) bi­len du­şuş­ýar. Ikin­ji tap­gyr­da Bel­gi­ýa­ny ýyl­dyz­la­ry Ru­di Föl­ler (6, 40) hem-de Ýur­gen Klins­man­nyň (11) gol­la­ry bi­len 3–2 ut­ýar. Çär­ýek fi­nal­da bolsa, Bol­ga­ri­ýa 3 mi­nut­da Stoiç­kow (75) we Leç­ko­wyň (78) gol­la­ry bi­len 1–0 öňde barýan ne­mes­le­ri ýeň­li­şe se­ze­war ed­ýär. Fran­si­ýa –1998 Dün­ýä Ku­bo­gy hem öň­ki ýyl­la­ra ga­ra­nyň­da, nemeler üçin ir ta­mam­lan­ýar. “F” to­par­ça­da ABŞ-dyr (And­res Möl­ler 10, Klins­mann 67) Eý­ra­ny (Bir­foff 50, Klins­mann 57) 2–0 ýe­ňen ne­mes­ler Ýu­gos­la­wi­ýa bi­le­nem 1 utu­gy paý­laş­ýar (2–2; Mi­hai­lo­wiç 72 ö.d., Bir­hoff 78 — Mýa­to­wiç 13, Stoý­ko­wiç 52). Ikin­ji tap­gyr­da Mek­si­ka­ny hü­jüm­çi­le­ri Klins­mann we Bir­hof­fyň gol­la­ry bi­len 2–1 ýeň­li­şe se­ze­war ed­ýär. Çär­ýek fi­nal­da bol­sa, çem­pio­na­tyň deb­ýu­tan­ty Hor­wa­ti­ýa­dan 3–0 (Ýar­ni 45+3, Wlao­wiç 80, Şu­ker 85) ha­sa­byn­da utu­lyp, yz­ly-yzy­na 2-nji sa­par çär­ýek fi­nal­dan yzy­na gaýd­ýar.
2002-nji ýyl­da Dün­ýä çem­pio­na­ty­ny il­kin­ji ge­zek 2 ýurt bi­le­lik­de gu­ra­ýar. Gü­nor­ta Ko­re­ýa we Ýa­po­ni­ýa­da ge­çi­ri­len 17-nji Dün­ýä Ku­bo­gyn­da Ger­ma­ni­ýa Ru­di Föl­le­riň tä­lim­çi­li­gin­de “E” to­par­ça­da uly ha­sap­ly ýe­ňiş bi­len ýa­ry­şa baş­la­ýar. Olar Mi­ros­law Klo­se­niň het-trik eden oý­nun­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny­ny 8–0 ha­sa­byn­da ýeň­ýär. Soň­ra Ir­lan­di­ýa bi­len deň­me-deň oý­na­ýar (1–1). 3-nji du­şu­şy­gyn­da-da Ka­me­run­dan Bo­de we Klo­se­niň gol­la­ry bi­len 2–0 üs­tün çyk­ýar. Ne­mes­ler mun­dan soň­ky tap­gyr­la­ry fi­na­la çen­li di­ňe 1 golly ýe­ňiş­ler bi­len geç­ýär. Il­ki Pa­rag­wa­ýy Oli­wer Noý­wil­liň (88), çär­ýek fi­nal­da ABŞ-ny Mi­ha­el Bal­la­gyň (39), ýa­rym fi­nal­da-da ýer eýe­si Gü­nor­ta Ko­re­ýa­ny ýe­ne-de Bal­la­gyň (75) go­ly bi­len ýeň­ýär. Ýa­po­ni­ýa­da­ky fi­nal­da Bra­zi­li­ýa­dan 2–0 ha­sa­byn­da as­gyn gel­ýär we 4-nji kü­müş me­da­ly­ny ga­zan­ýar. Bra­zil­le­riň gol­la­ry­nyň iki­si­ni su­per ýyl­dyz Ro­nal­do (67, 79) der­we­zä gi­riz­ýär.
2006-njy ýyl­da Dün­ýä çem­pio­na­ty­ny Ger­ma­ni­ýa özün­de ge­çir­ýär. Ikin­ji ge­zek bu çä­rä­ni özün­de gu­ra­ýan Ger­ma­ni­ýa Kos­ta Ri­ka­ny 4–2, Pol­şa­ny 1–0 hem-de Ek­wa­do­ry 3–0 ýeň­li­şe se­ze­war ed­ýär. Ýur­gen Klins­man­nyň şä­girt­le­ri 2-nji tap­gyr­da-da Şwe­si­ýa­ny Po­dols­ki­niň (4, 12) gol­la­ry bi­len ut­ýar (2–0). Çär­ýek fi­nal­da eze­li gar­şy­daş­la­ryn­dan Ar­gen­ti­na bi­len ga­bat­laş­ýar. 49-njy mi­nut­da Ro­ber­to Aýa­la­nyň go­ly bi­len myh­man­lar öňe saý­lan­ýar. 80-nji mi­nut­da Klo­se ha­sa­by deň­le­ýär. Esa­sy we goş­ma­ça wagt­lar­da ha­sap üýt­ge­me­ýär. Pe­nal­ti­ler­de-de 4–2 üs­tün­lik ga­za­nan Ger­ma­ni­ýa ýa­rym fi­na­la çyk­ýar. Ýa­rym fi­nal­da Ita­li­ýa bi­len du­şuş­ýar. Esa­sy wag­tyn­da ha­sap açyl­man, 119-njy (Gros­so) we 120+1-nji (Del Pie­ro) mi­nut­lar­da ital­ýan­lar 2 gol ge­çi­rip, fi­na­la çyk­ýar. Baý­rak­ly 3-nji ýer ug­run­da­ky du­şu­şyk­da la­py­keç ne­mes­ler Por­tu­ga­li­ýa­ny 3–1 (Şwanş­taý­ger 56, 78, Pe­tit 60 ö.d. — Nuno Go­meş 88) ha­sa­byn­da ýe­ňip, az hem bol­sa gö­wün­lik tap­ýar.
2010-njy ýyl­da­ky il­kin­ji ge­zek Af­ri­ka­da, has ta­ky­gy Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­syn­da ge­çi­ri­len Dün­ýä çem­pio­na­ty-da ne­mes­ler üçin 4 ýyl ozal­ky ýa­ly ta­mam­lan­ýar. “D” to­par­ça­da Awst­ra­li­ýa­ny 4–0 ut­ýar. Ser­bi­ýa­dan 1–0 utu­lyp, şol ha­sap bi­le­nem Ga­na­ny ýeň­ýär. Ikin­ji tap­gyr­da eze­li bäs­de­şi Ang­li­ýa­ny 4–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war ed­ýär (Klo­se 20, Po­dols­ki 32, Mül­ler 67, 70). Du­şu­şyk­da Lam­par­dyň uzak ara­lyk­dan ge­çi­ren go­ly aşa­ky çy­zy­gy geç­se-de ha­sa­ba alyn­ma­ýar. Ýoa­him Lö­wüň to­pa­ry çär­ýek fi­nal­da Die­go Ma­ra­do­na­nyň tä­lim­çi­li­gin­dä­ki Mes­si­li Ar­gen­ti­na­nyň to­run­dan jo­gap­syz 4 pök­gi gi­riz­ýär (Mül­ler 3, Klo­se 68, 89, Fraýd­rih 74). Ýa­rym fi­nal­da we­lin, Çar­les Pu­ýo­lyň (73) geçiren kel­le go­lun­dan soň, Is­pa­ni­ýa­dan 1–0 as­gyn gel­ýär Bü­rünç me­dal ug­run­da­ky oýun­da-da Urug­wa­ýy 3–2 ýe­ňip (Mül­ler 19, Ýan­sen 56, Ke­di­ra 82- Ka­wa­ni 28, For­lan 51), il­kin­ji ge­zek yz­ly-yzy­na, umu­my­lyk­da-da 4-nji sa­par 3-nji or­ny eýe­le­ýär.

ÝATDAN ÇYKMAJAK ÝARYM FINAL WE 4-nji KUBOK
2014-nji ýylda 60 ýyl­dan soň, Dün­ýä Ku­bo­gy 2-nji ge­zek Bra­zi­li­ýa­da ge­çi­ril­ýär. Bra­zi­li­ýa – 2014-de Ger­ma­ni­ýa “G” to­par­ça­da Por­tu­ga­li­ýa (4–0), ýe­ne-de Ga­na (2–2) hem-de ABŞ (1–0) bi­len du­şuş­ýar. Ikin­ji tap­gyr­da Al­žiri goş­ma­ça wagt­da ýeň­ýär (2–1; Şürr­le 92, Özil 120 — Dža­bu 120+1). Çär­ýek fi­nal­da-da Fran­si­ýa­ny kyn­lyk bi­len utup (1–0; Hum­mels 13), ýa­rym fi­nal­da ýer eýe­le­ri Bra­zi­li­ýa bi­len du­şuş­ýar. Be­lu-Ori­zon­te­dä­ki bu du­şu­şyk ta­ry­hy ha­sap bi­len ta­mam­lan­ýar. Sam­ba­çy­la­ryň to­run­dan 5-si bi­rin­ji ýa­rym­da je­mi 7 pök­gi ge­çi­ren Ger­ma­ni­ýa 8-nji ge­zek fi­na­la çyk­ýar. Fi­nal­da-da baş­ga bir güýç­li ýy­gyn­dy­ny, Mes­si­niň ýol­daş­la­ry Ar­gen­ti­na­nyň mil­li to­pa­ry­ny Ma­rio Gýot­se­niň 113-nji mi­nut­da­ky go­ly bi­len 1–0 ha­sa­byn­da utup, 4-nji ýo­la Dün­ýä­niň iň ulu­sy di­ýen ady eýe­le­ýär.

ESASY DALAŞGÄR
2-nji düzümi bilen geçen ýylky Konfederasiýalr Kubogyny gazanan Germaniýanyň ýygyndysy Dünýä çempionatynyň iň esasy dalaşgäri hasaplanýar. Ýöne esasy zatlaryň biri Löwüň haýsy oýunçylar bilen Russiýa barjakdygy janköýerleri eýýämden gyzyklandyrýar.