Hytaýda tehnologiýa babatdaky ösüşler köpleriň ünsüni çekýär. Häzirki wagtda bu ýurtda emeli ýagyş ýagdyrmak üçin täze tehnologiýanyň synag işleriniň üstünde işlenilýär. Bu barada “South China Morning Post” gazeti habar berýär. Synag işleri Hytaýyň Aerokosmos ylmy we tehnologiýasy (CASC) korporasiýasynyň laboratoriýasynda alnyp barylýar. Täze ulgam saýasynda zerurlyk bolan ýerde ýagyş ýagdyrmak mümkinçiligi dörär. Bu tehnologiýany ilkibaşda Tibet platosynda ulanmak göz öňünde tutulýar. Innowasion ulgam köp sanly ýanýan kameralardan ybaratdyr.
Şol kameranyň içindäki gaty ýangyçlaryň ýanmagy bilen himiki birleşmeler emele gelip, olar hem bulutlaryň döremegine sebäp bolýar. Şeýle 500 sany kamera öndürildi, ýene-de 2 million inedördül metr meýdanda ýagyş ýagdyrmak üçin on müňlerçesini öndürmek göz öňünde tutulýar. Hytaýyň bu taslamasy dünýäde iň ulusy bolar. Mundan ozal, Hytaýda uçardan howa goýberilýän himiki birleşmeler arkaly ýagyş ýagdyrylýardy. Bu ýurtda emeli ýagşa gaty köp zerurlyk duýulýar. Ol howanyň arassalanmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär.