Türkmen halkynyň buýsanjy we şöhraty bolan gamyşgulak bedewlerimize gadyr goýýan hormatly Prezidentimiz ahalteke atçylyk toplumyna baryp, ynsan gylykly bedewler bilen didarlaşdy hem-de adaty endigine eýerip, döredijilik bilen meşgul boldy.
Döwlet Baştutanymyz öz döredijiliginde ýurdumyzyň taryhyna, şol sanda Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugry bilen baglanyşykly taryhy wakalara, “Amul – Hazar 2018” giň möçberli sport çärelerine, şeýle hem dünýäde uly şöhrata eýe bolan we türkmen halkynyň gaýtalanmajak gymmatlygy döretmek ukybyny äşgär eden ahalteke bedewlerine aýratyn ähmiýet berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ahalteke bedewleri taryhyň dürli döwürlerinde ýyl ýazgylaryny düzüjileriň hem-de şahyrlaryň we çeper döredijilige ykbalyny baglan adamlaryň, şonuň ýaly-da, dünýäniň dürli ýurtlarynyň hanlarynyň, şalarynyň, imperatorlarynyň ünsüni özüne çekipdir. Döwlet Baştutanymyz wagt tapyp, ylmy we çeper döredijilik işini dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň döredijiliginde tebigatyň ýaradan ajaýyp bedewlerine Türkmenistanda söýgi we mähir bilen garalýandygyny görmek bolýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda milli Liderimiziň tagallasy bilen arassa ganly bedewleri saklamak, bu babatda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek we olaryň baş sanyny artdyrmak boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
Behişdi bedewler Garaşsyz Watanymyzyň okgunly ösüşiniň esasy nyşany bolup durýar. Munuň özi ahalteke bedewleriniň dünýäniň atçylyk sporty boýunça şöhratly ýoluny dowam etmäge we bedewleriň bu ugurdaky ukyplaryny açyp görkezmäge täze mümkinçilik berer.
Halkymyzyň bedewlere bolan söýgüsini tutuş kalby bilen kabul edýän milli Liderimiz ahalteke atlarynyň abraýyny we şöhratyny belende galdyrmak, pederlerimiziň asylly atşynaslyk däplerini ösdürmek hem-de dünýäde wagyz etmek ýörelgelerini döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwürdi. Hormatly Prezidentimiz “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” ýaly kitaplary döretdi. Olar ençeme dillere terjime edildi hem-de atçylyk ulgamynda hünärmenleriň arasynda giň meşhurlyga eýe boldy. Milli Liderimiziň işleriniň dürli dillerde neşir edilmegi diňe bir köp ýurtlarda ahalteke bedewlerine gadyr goýýan hünärmenler üçin däl, eýsem, giň okyjylar köpçüligi üçin hem ajaýyp bedewleriň aýratynlyklary bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döretdi.
Hormatly Prezidentimiziň “Gadamy batly bedew” atly kitaby 30-njy Moskwa halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde GDA döwletleriniň “Kitap sungaty” halkara bäsleşiginiň Gran-pri baş baýragyna mynasyp boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewleri, halkymyzyň şöhratly taryhy, döreden milli gymmatlyklary, milletiň dünýäniň dürli ýurtlarynyň halklaryna bolan dostana gatnaşygy ynsany täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň ylmy we edebi işlerinde köpýyllyk barlaglar, oý-pikirler, taryhy we edebi maglumatlar umumylaşdyrylýar. Olarda awtoryň milli ýörelgelere bolan çuňňur garaýşy, bilimi, bu ugra degişli halk döredijiliginde öz beýanyny tapan milletiň paýhasy aýdyň duýulýar. Hormatly Prezidentimiziň her bir täze eseri milli medeni mirasymyzy wagyz etmekde, ahalteke bedewleriniň ähmiýetini artdyrmakda aýratyn möhümdir.