Ýa­po­ni­ýa­nyň Hok­kaý­do ada­sy­nyň ýa­şaý­jy­sy Ma­sad­zo No­na­ka Ýer to­ga­la­gy­nyň iň gar­ry er­kek ýa­şaý­jy­sy hök­mün­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Bu ba­ra­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de bel­le­nip ge­çil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Ma­sad­zo No­na­ka­nyň ýa­şy­nyň 112 ýyl 259 gün­dügi mä­lim edil­di. Mun­dan ozal­ky re­kord 113 ýaş­ly is­pan Fran­sis­ko Oli­we­re de­giş­li­dir. Ol şu ýy­lyň few­ral aýyn­da ara­dan çyk­dy.
No­na­ka ýur­duň de­mir­ga­zyk ada­sy Hok­kaý­do­nyň Mea­kan da­gy­nyň etek­le­rin­de ag­tyk­la­ry bi­len ýa­şa­ýar. Onuň ko­wum-ga­ryn­daş­la­ry ýy­ly suw çeş­me­si­niň bo­ýun­da­ky ki­çi­räk myh­man­ha­na­ny do­lan­dyr­ýar. Ol adat­ça, uzak ýa­şa­ma­gy­nyň sy­ry ba­ra­da­ky so­wal­la­ra şeý­le jo­gap be­rip­dir. Ýö­ne­keý dur­mu­şyň aky­myn­da ýa­şa­mak ýe­ter­lik. No­na­ka gün­de­lik dur­mu­şyn­da­ky aky­my üýt­get­män­dir. Ol süý­ji zat­la­ry, esa­san hem, tor­ty go­wy gör­ýär, ga­zet oka­ýar we mi­ne­ral­la­ra baý ýy­ly suw­da gün­de­lik be­jer­gi­le­ri­ni al­ýar.
No­na­ka iň gar­ry ýa­şaý­jy­la­ryň sa­na­wyn­da 31-nji orun­da dur­ýar. On­dan öň­ki orun­lar ze­nan­la­ra de­giş­li­dir. Şeý­le hem Ýer to­ga­la­gy­nyň iň gar­ry ýa­şaý­jy­sy hem ýa­pon ra­ýa­ty­dyr. 117 ýaş­ly Na­bi Tad­zi­ma dün­ýä­niň iň gar­ry ze­na­ny hem-de iň ýa­şu­ly ýa­şaý­jy­sy­dyr. Ol 1900-nji ýy­lyň 4-nji aw­gus­tyn­da dün­ýä inip­dir.

Annamyrat GARÝAGDYÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky TOHU-nyň talyby.