Türkmen tagamlarynyň biri bolan somsa Gazagystanda we Gyrgyz Respublikasynda samsa, Täjigistanda sambusa, Hindistanda we Pakistanda samusa diýip atlandyrylýar. Belki, bu sanawy dowam etdirmek bolar. Ýöne esasy, onuň nähili taýýarlanyşy we içine goşulýan önümlerdir. Dogralan etden taýýarlanan, esasan hem, üçburçluk şekili bilen ýatda galan somsa doýrujylygy bilen köp sanly ýurtlaryň tagamlarynyň hatarynda öz mynasyp ornuny aldy. Onuň meşhurlygy Beýik Britaniýa çenli baryp ýetdi. Golaýda ýurduň Lester şäherindäki restoranlaryň arasynda bäsleşik gurnaýan “Leicester Curry Awards” baýragynyň guramaçylary Beýik Britaniýada ilkinji gezek somsa hepdeligini geçirdi. Bu pikiri ýurduň ýene-de bäş şäheri – Birmingem, Mançester, Kowentri, Nottingemşir we Redlett şäherleri goldap çykyş etdi. Bu ýerde Aziýanyň tagamlaryna ökdeleşen restoranlar we kafeler jemlendi. Aşpezleriň arasynda tagamly somsa taýýarlamak bäsleşigi geçirildi. Şeýle hem “Adam we somsa” bäsleşigi guralyp, onda 10 minutyň dowamynda iň köp somsa iýmegi başaran adamlar sylaglandy.
Somsanyň taryhy gelip çykyşyny gadymy Parfiýa patyşalygy bilen baglanyşdyrýarlar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça gatnan orta aziýaly söwdagärler bu tagamy äkidip, ýaýradypdyrlar. XIV asyryň ýazuw çeşmelerinde somsa barada agzalyp geçilýär. Hindi şahyry Amir Hosrowyň we marokkoly söwdagär we alym Ibn Battutyň işlerinde somsa barada maglumatlara duş gelnipdir.
Serdar Myratdurdyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.