Beýik Britaniýanyň 22 ýaşly raýaty Genri Kru motosikl bilen Ýer şaryny aýlanyp çykmagy maksat edinýär. Ol bu ugurda rekord goýup, Ginnesiň rekordlar kitabynda ýeke özi motosikl bilen dünýäni aýlanyp çykan iň ýaş syýahatçy hökmünde orun almagy meýilleşdirýär. Ol bu gezelenjine 3-nji aprelde başlady. Onuň öňünde dünýäniň kartasynda 6 yklymda ýerleşýän 35 ýurt we 56 müň kilometrden gowrak ýol bar. Ol “Ducati Scrambler Desert Sled” kysymly ulagy bilen Ýewropanyň 5 ýurduny, Ukrainany we Russiýany geçer. Merkezi Aziýada ýaş syýahatçy Gazagystanda we Türkmenistanda bolup, ondan soňra Günorta, Günorta-Gündogar Aziýa we Okeaniýa ýurtlaryna rowana bolar. Gezelenjiniň Amerika yklymyndaky bölegi ABŞ-da tamamlanyp, ol ýerden Marokko, şondan soňra Ýewropanyň çägine aralaşar. Onuň öýüne dolanmagyna 2019-njy ýylyň maýynda garaşylýar.