Halkara banknot jemgyýeti (IBNS) dünýäniň iň owadan pul birligini mälim etdi. Her ýyl geçirilýän bäsleşikde bu gezek Şweýsariýanyň 10 franky owadanlygy boýunça birinjiligi eýeledi. Şweýsarlaryň onlugy bütindünýä bäsleşiginde geçen ýyl dolanyşyga girizilen 170 banknotuň arasyndan saýlanmagy başardy. Şweýsariýanyň milli bankynyň habar bermegine görä, banknotuň grafiki mazmuny şweýsariýalylaryň gymmatly wagta goýýan hormaty we netijeli çemeleşmesi bilen baglanyşyklydyr. Banknotda sagadyň takyklygy, demir ýol ulgamy we dirižýor taýajygy suratlandyrylypdyr.
Ikinji orny Şotlandiýanyň we Norwegiýanyň pul birlikleri eýeledi. Şotlandiýanyň patyşa bankynyň dolanyşyga girizen 10 funtunda XIX asyryň matematigi we astronomy Meri Somerwilliň suraty ýerleşdirilipdir. Norwegiýanyň bankynyň 100 kronunda wikinglerden saklanyp galan iň uly gämi – Gokstad gämisi we häzirki zaman ýük gämisi suratlandyrylypdyr.
Oguljeren BERDINYÝAZOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.