Türkmenistanyň futbol çempionatynda 5-nji tapgyrda 2 duşuşyk oýnaldy. “Şagadam” öz meýdançasynda “Köpetdagdan” 3–1 hasabynda üstün çykdy. 1-nji ýarymda, has takygy, 39-njy minutda myhmanlaryň ezber hüjümçisi Gahrymanberdi Çonkaýew “Köpetdagy” öňe saýlady. 2-nji ýarymda tijenen ýer eýeleri 3 gol bilen jogap berdiler. 66-njy minutda Röwşengeldi Halmämmedow, 72-nji minutda Melis Ryzaýew hem-de 90+7-nji minutda Begenç Annagurbanow dagy tapawutlanyp, toparyna ýeňiş getiren oýunçylar boldy. Bu ýeňişden soň, “Şagadam” sanawda birinji basgançaga beýgeldi. Tapgyryň beýleki oýnunda-da, “Energetik” bilen “Merwiň” arasyndaky Mary derbisinde hasap açylmady. “Balkan”–“Ahal” hem-de “Aşgabat”–“Altyn asyr” duşuşyklary myhmançylykdaky toparlaryň AFK Kubogy ýaryşynda oýunlarynyň bardygy sebäpli 16-njy iýuna we 23-nji maýa süýşürildi.