EMI­NIŇ ÝAL­ŇYŞ­LY­GY WE MO­HAM­MED SA­LAH
UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň çär­ýek fi­na­ly­nyň jo­gap oýun­la­ry me­ge­rem en­tek-en­tek­ler ýat­dan çyk­ma­sa ge­rek. Esa­sa­nam oý­na­lan 3 du­şu­şyk, ola­ryň-da 2-si has hem ýat­da ga­ly­jy wa­ka­la­ra diý­seň baý bol­dy. Si­şen­be gün­ki oýun­lar­da hem­me­le­riň ün­si “Man­çes­ter Si­ti”–“Li­wer­pul” du­şu­şy­gyn­da bol­sa-da, soň­lu­gy bi­len “Ro­ma”–“Bar­se­lo­na” du­şu­şy­gy­na öw­rül­di. Il­ki Ang­li­ýa­da­ky oýun ba­ra­da ke­lam agyz aýt­sak, eý­ýäm 2-nji mi­nut­da Gab­ri­el Že­sus “Man­çes­ter Si­ti­ni” öňe saý­lap, to­pa­ry­ny umyt­lan­dyr­ýar. Hü­jüm ba­ry­ny eden “Si­ti­niň” por­tu­gal oýun­çy­sy Ber­nar­do Sil­wa­nyň uran bat­ly ur­gu­sy sü­tü­ne de­gip, meý­dan­ça do­lanýar. 41-nji mi­nut­da-da Sa­dio Ma­ne ha­sa­by 2–0-a çy­kar­ýar. Ýö­ne ol goly is­pa­ni­ýa­ly meş­hur emin Antonio Mateu La­hos gap­dal emi­niň gör­kez­me­si bo­ýun­ça ha­sa­ba al­ma­ýar. Bu go­luň nä­me se­bäp­den ha­sa­ba alyn­man­dy­gy we­lin, hä­zi­rem anyk däl. Ara­kes­me­de emi­ne nä­gi­le­li­gi­ni bil­di­ren “Si­ti­niň” tä­lim­çi­si Pep Gu­ar­dio­la tri­bu­na ug­ra­dyl­ýar. 2-nji ýa­ry­ma az­da-kän­de la­py­keç halda meý­da­na çy­kan “si­ti­li” fut­bol­çy­lar 56-njy mi­nut­da bar­ja umy­dy­ny-da ýi­tir­ýär. Se­bä­bi soň­ky wagt­la­ryň su­per ýyl­dy­zy Mo­ham­med Sa­lah ha­sa­by deň­le­ýär. Bu bol­sa “Si­tä” ýe­ne-de 4 gol ge­rek diý­mek bol­ýar. Oý­nuň 77-nji mi­nu­tyn­da-da Ro­ber­to Fir­mi­no oý­na soň­ky no­ka­dy goý­ýar. Şeý­le­lik­de, 2 oý­nuň ne­ti­je­si bo­ýun­ça 5–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan “Li­wer­pul” 10 ýyl­dan soň, ýa­rym fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­ýar. Olar 10-njy ýo­la ýa­rym fi­na­la ýol­lan­ma alyp, şo­la­ryň 5-sin­de ku­bo­gy as­ma­na gö­te­ri­pi­ler. Ýurgen Klopp kärdeşi Pep Gu­ar­dio­la­ny 1 möw­süm­de 3 ge­zek ýe­ňen il­kin­ji tä­lim­çi bol­ýar. Olaryň toparlary 14-nji gezek gabatlaşyp, nemes tälimçisi ispaniýaly kärdeşini 8-nji sapar utýar.

“RO­MA­NYŇ” GAÝ­DYP GEL­ME­GI
Şol ag­şam­ky beý­le­ki oýun­da “Ro­ma” öz meý­dan­ça­syn­da “Bar­se­lo­na­ny” ka­bul et­di. “Kamp Nou­da­ky” du­şu­şyk­da is­pan to­pa­ry 4–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Şu oýun­da-da oý­nuň ba­şyn­da ge­çi­ri­len gol bi­rin­ji oýun­da utu­lan to­pa­ry umyt­lan­dyr­jak­dy we bu şeý­le-de bol­ýar. Edin Je­ko 6-njy mi­nut­da ta­pa­wut­la­nyp, to­pa­ry­ny umyt­lan­dyr­ýar. 1-nji ýa­rym­da baş­ga müm­kin­çi­lik­ler bol­sa-da, iki to­pa­ram olar­dan ýer­lik­li peý­da­la­nyp bil­me­ýär. 2-nji ýa­ry­myň ba­şyn­da, has ta­ky­gy, 58-nji mi­nut­da emin “Ro­ma­nyň” peý­da­sy­na pe­nal­ti bel­le­ýär. Ony-da to­pa­ryň ka­pi­ta­ny De Ros­si dürs ýe­ri­ne ýe­ti­rip, to­pa­ry­nyň ýa­rym fi­na­la bo­lan yna­my­ny has-da art­dyr­ýar. Şon­dan soň hü­jüm­le­ri­ni ýyg­jam­laş­dy­ran “Ro­ma” ýe­ne bir gol ge­çir­ýär. Ony-da oý­na soň­dan go­şu­lan Jen­giz Ün­de­riň pa­syn­dan soň, Kos­tas Ma­no­las kel­le ur­gusy bi­len der­we­zä gi­riz­ýär. Ne­ti­je­de, 3–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan “Ro­ma” ta­ry­hy ýe­ňiş bi­len 1984-nji ýyl­dan soň, il­kin­ji, umu­my­lyk­da-da 2-nji ge­zek bu ýa­ryş­da ýa­rym fi­na­la çyk­ýar. Du­şu­şyk­da ýe­ne bir bel­le­me­li zat­la­ryň bi­ri-de “Ro­ma­nyň” soň­ky 2 go­lu­ny ge­çi­ren fut­bol­çy­la­ryň 1-nji oýun­da to­py ýal­ňyş­lyk bi­len öz der­we­ze­sin­e gi­ri­zen De Rossi bilen Manolasyň bol­ma­gy­dyr. “Bar­se­lo­na” 2015-nji ýyl­da­ky çem­pi­on­ly­gyn­dan soň, bas­syr 3-nji ýo­la ýa­rym fi­na­la çy­kyp bil­me­ýär. Şun­luk­da, “Ro­ma” to­pa­ry 2004-nji ýyl­da­ky “De­por­ti­wo” ýa­ly (“Mi­lan” 4–1, 0–4 “De­por­ti­wo”) Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da­ky ýeň­liş­den ýeň­şe ta­ry­hy do­la­nyş­la­ryň ha­ta­ry­na öz ady­ny ýaz­dyr­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, bu ugur­da iň uly do­la­ny­şy “Bar­se­lo­na” ga­za­nyp­dy. Ge­çen ýyl katalonlar 2-nji tap­gyr­da PSŽ-den il­ki 4–0 utu­lyp, öz meý­dan­ça­syn­da-da 6–1 ha­sa­byn­da ta­ry­hy ýe­ňiş ga­za­nyp­dy.

“ÝU­WEN­TU­SYŇ” ER­JEL­LI­GI TA­RYHY
ÝE­ŇIŞ ÜÇIN ÝE­TER­LIK BOL­MA­DY
Soň­ky çem­pi­on “Re­al Mad­rid” 1-nji oýun­da ga­za­nan ýeň­şiň (3–0) ar­ka­ýyn­ly­gy bi­len, şol bir­wag­tyň özün­de-de, bir gün öň­ki “Bar­se­lo­na­nyň” baş­dan ge­çi­ren ýag­da­ýy­nyň öz­le­ri­niň-de baş­la­ry­na gel­mek en­di­şe­si bi­len, üs­te­si­ne-de ka­pi­ta­ny Ser­hio Ra­mos­syz meý­dan­ça çyk­ýar. Bir gün öň­ki “Ro­ma­nyň” ýeň­şin­den “yl­ham” alan “Ýu­wen­tus” hem myh­man­çy­lyk­da Pau­lo Di­ba­la­syz oý­na baş­lap, eý­ýäm 2-nji mi­nut­da Ma­rio Man­žu­kiç bi­len 1–0 ha­sa­byn­da öňe saý­lan­ýar. “Re­al” to­pa­ry­nyň bir­nä­çe hü­jü­mi bol­sa, özü­niň oňyn ne­ti­je­si­ni ber­me­ýär. 37-nji mi­nut­da ýe­ne sag gap­dal­dan ge­çi­ri­len hü­jüm­de Ma­rio Man­žu­kiç ýe­ne-de kel­le­si bi­len to­py urup, ha­sa­by 2–0-a ýe­tir­ýär. Ara­kes­me uly ynam bi­len çy­kan tu­rin­li­ler 2-nji ýa­ry­myň 16-njy mi­nu­tyn­da, has ta­ky­gy, 61-nji mi­nut­da ýe­ne bir pök­gi ge­çi­rip, 1-nji oýun­da­ky ha­sa­byň yzyn­dan ýet­ýär. Şol go­ly der­we­ze­çi Keý­lor Na­wa­syň uly ýal­ňyş­ly­gyn­dan soň, Blez Ma­tui­di to­ra ýol­la­ýar. Şon­dan soň, “Re­al” iň bol­man­da 1 gol ge­çi­rip, umu­my ha­sap­da öňe saý­lan­jak bo­lup kän dyr­jaş­sa-da, Jan­lui­ji Buf­fon we go­rag­çy­lar mu­ňa yg­ty­ýar ber­me­ýär. Oý­nuň 90+4-nji mi­nu­tyn­da, baş­ga­ça aý­dy­lan­da, oý­nuň esa­sy wag­ty­nyň ta­mam­lan­ma­gy­na 30 se­kunt ga­lan­da, ang­li­ýa­ly emin Maýkl Oli­wer “ýu­wen­tus­ly” Med­hi Be­na­tia­nyň “re­al­ly” Lu­kas Waz­ke­siň gar­şy­sy­na eden gö­dek­si he­re­ke­ti üçin 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­sy­ny bel­le­ýär. Bu ýag­da­ýa “ýu­wen­tus­ly­la­ryň” äh­li­si öz nä­gi­le­li­gi­ni bil­dir­ýär. Emin ola­ryň ara­syn­dan to­pa­ryň ka­pi­ta­ny Buf­fo­na gy­zyl pe­tek gör­kez­ýär. 90+8-nji mi­nut­da-da pe­nal­ti­ni dürs ýe­ri­ne ýe­ti­ren Kris­tia­no Ro­nal­do ital­ýan­la­ryň ga­ra­şyl­ma­dyk ýeň­şi­ni soň­lan­dyr­ýar. Şeý­le­lik­de, “Re­al Mad­rid” bas­syr 8-nji, umu­my­lyk­da-da 29-njy ge­zek ýa­rym fi­na­la çyk­ýar. 150-nji oý­nun­da 120-nji sa­par ta­pa­wut­la­nan Ro­nal­do “Ýu­wen­tu­syň” der­we­ze­sin­den 10-njy pök­gü­si­ni ge­çir­ýär. Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da yz­ly-yzy­na 11-nji du­şu­şyk­da (şu möw­süm­de 10) gol sa­lan Ro­nal­do UEFA-da bir to­pa­ryň der­we­ze­sin­den 10 pök­gi ge­çi­ren il­kin­ji fut­bol­çy bol­ýar.
* * *
Bu 3 oýnuň kö­le­ge­sin­de ga­lan “Ba­wa­ri­ýa”–“Se­wil­ýa” du­şu­şy­gyn­dan gol sesi eşi­dil­me­ýär. Iki to­pa­ram bir­nä­çe amat­ly pur­sat­dan peý­da­la­nyp bil­me­ýär. “Se­wil­ýa­nyň” bir to­pu­nyň sü­tün­den yzy­na gaý­dan­dy­gy­ny-da ýat­la­da­lyň. Umu­man “Ba­wa­ri­ýa” 1-nji oýun­da ga­za­nan 2–1-lik ýeň­şin­den soň, has ar­ka­ýyn oý­nap, ýa­rym fi­nal üçin öz­le­ri­ne ge­rek bo­lan ne­ti­jä­ni ga­zan­ma­gy ba­şarýar. “Ba­wa­ri­ýa­ly” Že­rom Boa­teng bi­len To­mas Mül­ler Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da­ky 100-nji du­şu­şy­gy­ny oý­nap, ola­ram bu ar­zy­ly sa­na­wa go­şul­ýar. “Ba­wa­ri­ýa” soň­ky 7 ýyl­da 6-njy, umu­my­lyk­da-da 19-njy sa­par ýa­rym fi­na­la ýol­lan­ma al­dy.

4 MI­NUT­DA 3 GOL
Ýew­ro­pa li­ga­sy­nyň çär­ýek fi­na­ly­nyň jo­gap du­şu­şyk­la­ry-da Çem­pi­on­lar li­ga­synyňky­dan kem ga­lar­ly däl. Lon­don­da 4–1 ýe­ňiş ga­za­nan “Ar­se­nal” myh­man­çy­lyk­da al­jy­raň­ňy ýag­da­ýa düş­ýär. 50-nji mi­nu­ta çen­li 2–0 öňe saý­la­nan Mosk­wa­nyň SSKA-sy soň­ky 15 mi­nut­da to­ru­na 2 gol goý­be­rip, ýa­ryş­dan çykýar (Ça­low 39, Na­bab­kin 50 — Wel­bek 75, Rem­zi 90+2). 1-nji oýun­da 2–0 ýe­ňiş ga­za­nan “At­le­ti­ko” myh­man­çy­lyk­da “Spor­ting­den” 1–0 (Fre­di Mon­te­ro 28) ha­sa­byn­da utul­sa-da, ýa­rym fi­na­la ýol­lan­ma al­magy başarýar. Bir hep­de öň 4–2 ýe­ňiş ga­za­nan “La­sio” şä­he­riň beý­le­ki to­pa­ry, eze­li bäs­de­şi “Ro­ma” ýa­ly ne­ti­je ga­za­nyp bil­meýär. Mu­nuň ter­si­ne “sals­burg­ly­lar” “Ro­ma­dan” uly gö­rel­de alyp, güýç­li gar­şy­da­şy­ny 4–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war e­dýär. 55-nji mi­nut­da “La­sio” öňe saý­la­nyp, umu­my ha­sa­by has-da art­dyr­ýar. Ýö­ne awst­ri­ýa­lyla­ryň jo­ga­by gi­jik­meýär. 56-njy mi­nut­da Da­bur ha­sa­by deň­leýär. Du­şu­şy­gyň 72–76-njy mi­nut­la­ry aralygynda, ta­ry­hy wa­ka bo­lup geç­ýär. Hamala diýersiň, öz­le­ri­niň baş he­ma­ýat­kä­ri, ener­gi­ýa iç­gi­si “Red Bull”-dan peý­da­la­nan deý “sals­bur­gly­lar” 4 mi­nut­da 3 gol sal­ýar oty­ry­berýär. Ne­ti­je­de, 4–1 (Da­bur 56, Hai­da­ra 72, Hwan Hi Çhan 74, Lai­ner 76 — Im­mo­bi­le 55), umu­my ha­sap­da-da 6–5 ýe­ňiş ga­za­nan “Red Bull Sals­burg” 1994-nji ýyldan soň, ta­ry­hyn­da i­kin­ji ge­zek Ýew­ro­ku­bok­lar­da ýa­rym fi­na­la çyk­ýar. Beý­le­ki çär­ýek fi­nal du­şu­şy­gy-da ýat­dan çyk­ma­jak oýun­la­ryň ha­ta­ry­na go­şul­ýar. Ger­ma­ni­ýa­da 1–0 utu­lan “Mar­sel” öz meý­dan­ça­syn­da “Le­ip­si­gi” 5–2 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war e­dýär. Bu du­şu­şyk­da-da myh­man­lar il­kin­ji bo­lup ha­sa­by aç­sa­la­ram, soň­lu­gy bi­len, fran­suz to­pa­ry özü­niň eze­li bäs­deşi “Lio­nyň” meý­dan­ça­syn­da oý­nal­jak fi­nal­da ku­bok gal­dyr­ma­gy çen­den aşa is­le­ýän­dik­le­ri­ni gör­kezýär (5–2; Ih­san­ker 6 ö.d., Sarr 9, To­wen 38, Pa­ýet 60, Sa­kai 90+4 — Bru­ma 2, Au­gus­tin 55).